Žurnalistiň sahypasy

Myhmanlaryň ýürek sözleri buýsanja baý

25-05-2024 / 178

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigine wekilçilik etmek üçin Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinden professor-mugallymlar hem geldiler.

Daşary ýurtly myhmanlar bu bäsleşigiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini, Aşgabadyň ýakymly täsirleri galdyrandygyny belleýärler. Olar türkmen myhmansöýerligine ýokary baha berýärler.

— Häzirki wagtda türkmen-hytaý gatnaşyklary bilim ulgamynda hem işjeň ösdürilýär. Şunda halkara derejeli olimpiadalardyr maslahatlara möhüm orun degişli. Bu halkara bäsleşik hem talyplaryň bilimlerini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Oňa hytaýly talyplaryň üçüsi wekilçilik edýär. Türkmenistanda ilkinji gezek bolýarys. Ýokary myhmansöýerlik Aşgabadyň gözelligi bilen utgaşyp, bizde unudylmajak täsirleri galdyrýar — diýip, Hytaýyň Halkara gatnaşyklar uniwersitetiniň professory Liu Ýin öz pikirlerini paýlaşdy.

Bereket ÖWEZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu