
Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde guralan halkara bäsleşik Aşgabatda ýene-de ýürekleri birleşdirdi. Gatnaşyjylar, dostlugyň, ruhubelentligiň, tejribe alyşmagyň ýeňiş gazanan halkara bäsleşigine şaýat boldular. Daşary ýurtly myhmanlaryň paýtagtymyza gezelençleri halkara bäsleşige aýratyn öwüşgin çaýdy.
Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 23 — 25-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda geçirilýän «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşige Merkezi Aziýa, Hazarýaka döwletleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň jemi 250-den gowragy gatnaşýar.
Has takygy, bäsleşige daşary ýurtlaryň 9-ysynyň 11 sany abraýly ýokary okuw mekdebinden 40-dan gowrak magistrler we talyplar, şeýle hem ýurdumyzyň 22 sany ýokary okuw mekdebinden talyp ýaşlar gatnaşarlar. Hususan-da, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa Döwlet Halkara gatnaşyklary institutynyň, Azerbaýjanyň ADA uniwersitetiniň, Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy we halkara ylmy barlaglary institutynyň, Gazagystanyň Ş.Esenow adyndaky tehnologiýalaryň we inžiniringiň Kaspiý uniwersitetiniň, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň K.Dikambaýew adyndaky Diplomatiýa akademiýasynyň, Täjik milli uniwersitetiniň, Rus-täjik (slawýan) uniwersitetiniň, Eýran Yslam Respublikasynyň Ferdöwsi uniwersitetiniň, Türkiýe Respublikasynyň Stambul Jerrahpaşa uniwersitetiniň, Hytaýyň halkara gatnaşyklary uniwersitetiniň, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetiniň magistrleri we talyplary ýurdumyzda ilkinji gezek geçiriljek bu bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirdiler.
Türkmen halky myhmana güler ýüzlülik, dosta mähribanlyk, adamzada, tebigata söýgi ýaly ajaýyp häsiýetleri bilen tanalýar. Bu hakykat ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän, dostlugyň, birek-birege hormat goýmagyň ýene-de bir subutnamasyna öwrüljek halkara bäsleşik hem bütin aýdyňlygy bilen subut edýär.
Enegül ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.



