
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýaýbaňlandyrylan «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigiň ýokary guramaçylykly geçirilmegi üçin Guramaçylyk komiteti döredildi. Şeýlelikde, ähli myhmanlar üçin zerur şertler göz öňünde tutuldy.
Taýýarlanylan meýletinçi talyplar halkara bäsleşigiň ýokary guramaçylykly geçmegine ýardam etdiler. Olar daşary ýurtly myhmanlary garşylamak, olar üçin terjimeçilik hyzmatyny berjaý etmek, degişli ýerlerde ýokary guramaçylygy ýola goýmak, ýolbeletlik etmek ýaly birnäçe iş ugurlary boýunça hereket edýärler. Meýletinçiler nazaryýetde alan bilimlerini, şol sanda öwrenen dillerini tejribe üsti bilen has-da berkidýärler.
Halkara bäsleşiginiň geçirilýän ýerlerinde lukmançylyk nokatlarynyň hereket edýändigini hem bellemek gerek. Şeýle hem halkara bäsleşiginiň geçirilýän ýeri we şol çärelere gatnaşýan daşary ýurtly wekiliýetleriň ýaşaýan myhmanhanalary aragatnaşyk we ýokary tizlikli internet hyzmatlary bilen üpjün edildi.
Bularyň ählisi halkara bäsleşiginiň ýokary guramaçylykly geçirilmegine oňyn täsir edýär.
Senemgül ALLAKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.



