Žurnalistiň sahypasy

Bilimli nesiller — dünýäniň daýanjy

22-05-2024 / 33

Türkmen ýaşlarynyň dünýä derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmegi, şeýle-de halkara olimpiadalaryň yzygiderli ýagdaýda Türkmenistanda geçirilmegi buýsandyryjy ýagdaýdyr. Munuň özi daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleridir iri ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň has-da berkeýändigini alamatlandyrýar.

2024-nji ýylyň 23 — 25-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigiň geçirilmegi kämil ylym-bilimli ýaş hünärmenleri ýetişdirmekde öňde goýlan wezipeleri oňyn çözmäge ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamadaky parahatsöýüjilik, ynanyşmagy we özara dialogy berkitmek baradaky ýörelgeleri ýaşlaryň arasynda giňden dabaralandyrmak maksady bilen geçirilýän bu bäsleşik parahatçylygy wagyz etmek, halkara dialogy işjeňleşdirmek, medeni diplomatiýany ilerletmek, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda oňyn netijeleri gazanmakda ähmiýetlidir.

Muhammetmurat NARMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu