
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň döwrebap derejede bilim almagy, dünýäniň ylym giňişligine aralaşmagy, bäsleşiklerdir olimpiadalara gatnaşmagy üçin giň gerimli işler, döwrebap özgertmeler üstünlikli ýaýbaňlandyrylýar. Döwrüň giň mümkinçiliklerinden ruhlanýan ýaşlarymyz döwlet we halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp, bilimlerini artdyrýarlar, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirýärler. 2024-nji ýylyň 22 — 25-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigiň geçirilmegi bu babatda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamadaky parahatsöýüjilik, ynanyşmagy we özara dialogy berkitmek baradaky ýörelgeleri ýaşlaryň arasynda giňden dabaralandyrmak maksady bilen geçiriljek bu bäsleşik parahatçylygy wagyz etmek, halkara dialogy işjeňleşdirmek, medeni diplomatiýany ilerletmek, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda oňyn netijeleri gazanmakda ähmiýetlidir. Şeýle-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda geçirilýän bu halkara bäsleşik özara intellektual ýaryş esasynda talyplaryň halkara gatnaşyklary boýunça zehin başarnyklaryny ýüze çykarmagy, degişli sebitleriň talyp ýaşlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmegi, okuw-bilim tejribeligini alyşmaga ýardam bermegi, häzirki zamanda ýüze çykýan ylmy we amaly meseleleri çözmäge ukyply ýaş hünärmenleri taýýarlamagy, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagy we pugtalandyrmagy, Bitarap Türkmenistanyň medeni we bilim diplomatiýasyny wagyz etmegi maksat edinýär.
Halkara bäsleşigiň ýokary guramaçylykly geçirilmegi üçin Guramaçylyk komiteti döredildi. Daşary ýurtly myhmanlar üçin medeni, dynç alyş, tanyşdyryş çäreleri göz öňünde tutuldy. Munuň özi daşary ýurtly myhmanlaryň gözel paýtagtymyzyň täsinlikleri, şeýle hem türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň aýratynlyklary, ýaş diplomatlary taýýarlamagyň milli tejribesi bilen tanyşmaklaryna şert döreder.
Häzirki döwürde kämil ylym-bilimli ýaş hünärmenleri ýetişdirmekde, döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly nazary meseleleri çözmeklige gyzyklanma döretmekde, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini açyp görkezmekde şeýle bäsleşikleriň ähmiýeti uludyr.
Şyhmyrat SÖÝÜNOW,
Annageldi TOÝGULYÝEW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniñ 4-nji ýyl talyplary.



