Žurnalistiň sahypasy

Çagalar – bagtly geljegimiz

1-nji iýun – Çagalary goramagyň halkara güni

22-05-2024 / 43

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş pudagyny dünýä derjesinde ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Türkmenistan Garaşsyzlyk  ýyllarynda  halkara guramalar bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürdi.   Şeýle-de  ýurdumyzda  hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda çagalar barada edilýän aladalar ummasyz bolup, eneleriň we  çagalaryň saglygyny döwlet derejesinde goramak, döwlet möçberindäki çäreleriň, maksatnamalaryň, taslamalaryň tutuş toplumyny öz içine alýar.

Türkmenistan ýaş nesliň sagdynlygyny, abadançylygyny,çagalaryň hukuklarynywe bähbitlerini goramak babatynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Çagalar gaznasynyň esasy maksady, bütin dünýäniň çagalarynyň howpsuzlygyny, sagdyn we bagtly çagalygyň hukuklaryny goramak we goldamakdan ybaratdyr. Türkmenistanda ÝUNISEF hyzmatdaşlygyň  ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň  maksatnamasy doly ýola goýlup, çagalar we eneler üçin zerur hyzmatlary  bermek we olaryň saglygyny goramak, ýokanç keselleriň öňüni almak ýaly ugurlar durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri, çaganyň we enäniň saglygyny goraýan “Ene mähri” merkezleriň birnäçesi açylyp, ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport mekdepleriň we hassahanalaryň toplumy emele geldi.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da 2021-nji ýy­lyň mart aýyn­da dö­re­di­len Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy ta­ra­pyn­dan ösüp gel­ýän ýaş nes­liň sag­ly­gy­ny go­ra­mak ug­run­da uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Munuň üçin  ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna kömege mätäç çagalara lukmançylyk hyzmatlarynyň berlendigi we olaryň ýagty geljege umytlaryny pugtalandyrmaga goşandy üçin ýörite güwänama gowşuryldy. Munuň özi  ýurdumyzda durmuşa geçirilýän asylly işleriň halkara derejede ykrar edilýändigini, Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyzçysy bolmak bilen  ýagty geljek üçin edýän taýsyz tagallalarynyň ummasyzdygyny  ýene bir gezek görkezdi.

Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň et­rap we şä­her has­sa­ha­na­la­ry­nyň ça­ga­lar bö­lüm­le­ri­ne ze­rur en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len tä­ze «Tiz kö­mek» aw­tou­lag­la­ry hem-de döwrebap lukmançylyk enjamlary sowgat be­ril­di. Hut welaýatymyzdaky  luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ryn­a dür­li ope­ra­si­ýa­la­ry ge­çir­mek üçin se­riş­de­le­r bölünip berilmegi we  be­jer­gi çyk­da­jy­la­ry­nyň tö­le­nil­me­gi, ça­ga­lar öý­le­rin­de, ýö­ri­te­leş­di­ri­len mek­dep­ler­de we mek­dep-in­ter­nat­lar­da ter­bi­ýe­len­ýän çagalara degiş­li luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry­nyň sa­tyn alynmagy hem bu aýdylanlara doly şaýatlyk edýär.  Häzirki wagta çenli welaýatymyzda ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy ta­ra­pyn­dan ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ryň 50-a golaýyna operasiýalar edildi.  Saglygyna gowşan  ça­ga­lar we ola­ryň hossarlary  ýaş ne­sil­le­riň saz­la­şyk­ly ös­mek­le­ri, sag­lyk­la­ry­ny ber­kit­mek­le­ri ug­run­da dö­red­ýän müm­kin­çi­lik­le­ri üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze çäk­siz ho­şal­lyk­la­ry­ny be­ýan edýärler.

Zähmet çekýän  «Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi» hem enäniň we çaganyň saglygy ugrunda lukmanlarynyň baý iş tejribesi bilen gije-gündiz hyzmat edýän ýurdumyzdaky meşhur saglyk merkezidir. Merkeze Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy tarapyndan iki gezek «Çaga mähirli garaýyşly hassahana» derejesi hem berilmegi ýöne ýerden däldir. Bu ýerde enelere we çagalara berilýän saglygy goraýyş kömeginiň hiliniň ýokary derejede  amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Merkez çagalar hem-de çaga dogruş binalaryndan ybarat bolup, onda bölümleriň 26-sy hereket edýär. Jemi 534 orunlyk merkeziň çagalar binasyna 18 bölüm degişli bolup, ol birbada 360 adamy kabul edip bilýär.

Merkezde lukmançylyk nukdaýnazardan  eneligi we çagalagy goramak ähli ýaşdaky çagalaryň  kadaly ösmegi üçin şertleriň döredilmegi, täze anyklaýyş we bejeriş usullarynyň ornaşdyrylmagy, iň soňky tehnologiýalara esaslanyp döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi, enelere we çagalara edilýän lukmançylyk hyzmatyny giňeltmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda merkeziň durkuny täzelemek we döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek işleri yzygiderli alnyp barylýar. Soňky ýyllarda bu ýerde Ýaponiýa, Germaniýa, Italiýa, Ysraýyl, Şwesiýa, Wengriýa, Türkiýe, Polşa, Russiýa ýaly döwletlerden getirilen döwrebap lukmançylyk enjamlary oturdyldy. Olar has çylşyrymly anyklaýyş we bejeriş işlerini alyp barmaga we olardan oňyn netije almaga doly mümkinçilik berýär. Geçen ýyldan başlap, bu ýerde loporoskop enjamynda endoskopiki usul bilen operasiýalary geçirmegiň ýola goýlan. Döwrebap enjamlar merkeziň ähli bölümlerinde işleýär.  Merkeziň «Nesil saglygy» otagynda foto-wideo kolposkop enjamy arkaly aýallarda ýatgy boýunjygynda täze döreme keselleriniň öňüni almak maksady bilen barlaglar geçirilýär. Şeýle-de wideogastroskop, ultrases, rentgen stasionar, mobil rentgen, awtomatiki immunoferment analizator ýaly enjamlary merkeziň hemme bölümlerinde anyklaýyş we bejeriş işleriniň ýokary netijeli bolmagyny üpjün edýär.

Merkezde ýaş enelere çagalary ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň ähmiýeti we olary saglygyny goramak babatyndaky möhüm  maslahatlar hem yzygiderli berlip durulýar. Bu bolsa ýaş eneleriň sagdyn nesli terbiýelemekde gymmatly sapak bolup, baý tejribe toplamaklarynda  iňňän peýdalydyr. Şeýle-de welaýatymyzdaky Çagalar öýüni, „Ene mähri“ merkezini bu aýdylanlara goşup, welaýatymyzda çagalaryň bagtyýar, sagdyn geljegi üçin ummasyz aladalary edýän iri saglyk merkezleridigini aýdyp bileris. Asuda Watanymyz bolan Türkmenistan döwletimiz bagtly çagalygyň ýurdudyr. Çünki ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda çagalar barada edilýän aladalar ummasyz bolup, olaryň her biri taryhy senelere altyn harplar bilen ýazylandyr.

Çagalar biziň bagtly geljegimizdir. Çagalaryň bagtyýarlygy bolsa nurana geljegiň gözbaşydyr. Goý, çagalaryň şadyýan, bagtyýar gülküleri asuda Watanymyzda belentden ýaňlanyp dursun!

Merdan ROZYKOW,
Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň çagalar anesteziologiýa we reanimasiýa bölüminiň anesteziolog-reanimatolog lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu