
Mälim bolşy ýaly, golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy boldy. Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde türkmen we dünýä edebiýatynyň meşhur wekilleriniň heýkeli bina edilen medeni-seýilgäh toplumynyň döredilmegi ajaýyp gözelligi emele getirdi. Beýik şahyryň bu medeni-seýilgäh toplumy geljekki nesillere baky mirasdyr.
Uzaklardan seleňläp görünýän türkmen şahyrynyň heýkeli her bir watandaşymyzda buýsanç duýgusyny döredýär. Köpetdagyň gözel tebigatynyň goýnunda bina bolan şahyryň heýkeli dürdäne eserleri miras goýan akyldaryň dünýädäki belent mertebesini alamatlandyrýar.
Häzirki wagtda Magtymgulynyň arzuw eden bagtyýar geljegi hakykata öwrüldi. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygyň we abadançylygyň ýurdy hökmünde tanalýar. Munuň aňyrsynda hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz aladalary, taýsyz tagallalary bar.
Magtymguly Pyragynyň döwrüň ähli meselelerine ýüzlenen beýik akyldar, ussat şahyr bolandygy hemmämize mälimdir. Milli şahyrymyzyň çeper, çuňňur many-mazmunly goşgulary türkmen halkynyň taryhy ýagdaýlary, ýaşaýyş-durmuşy, geçmişi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Gymmatly goşgulary her bir ynsanyň kalbyndan eriş-argaç bolup geçýän akyldar şahyr diňe öz döwründe däl-de, häzirki döwrümizde hem tutuş adamzat jemgyýetini terbiýelemekde söz sungatynyň ägirt uly güýçdügini subut edýär. Şahyr ýakyny dost, dosty dogan bolmaga, döwletlilige çagyrypdyr. Şonuň üçinem akyldar şahyrymyz: «Berkarar döwlet istärin» diýip, köňül joşgunyny aýdyp geçipdir. Şeýle hem Magtymguly Pyragy: «Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy» diýip, ata Watanynyň mukaddesligini şygyrlarynda şöhratlandyrypdyr. Şahyryň goşgy setirlerindäki Watana bolan hormatyny, halal zähmete, ynsanperwerlige bolan garaýyşlaryny ýaşlara wagyz-nesihat edýäris.
Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, ajaýyp goşgulary ynsan kalbyna melhemdir. Magtymguly Pyragy türkmen edebiýatynyň altyn hazynasyny döretdi. Bu bolsa edebiýaty halkyň durmuşyna ýakynlaşdyrdy. Şeýle ajaýyp goşgularyň üsti bilen okyjylaryny ähli gowulyklara çagyryp, myhmanparazlygy, päkligi, dogruçyllygy, zähmetsöýer bolmagy pent edipdir.
Begenç SÄHETMYRADOW,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.



