Žurnalistiň sahypasy

Çagalar durmuşymyzyň gül-gunçalarydyr

22-05-2024 / 30

Her ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistan tutuş dünýä bileleşigi bilen birlikde Çagalary goramagyň halkara gününi belleýär. Bu sene ýurdumyzda ýaş nesil barada yzygiderli alada edilýändigini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli baýramçylyklarymyzyň sanawyna goşuldy.

Ähli ýagşy arzuwlaryň wysal bolýan ýurdy bolan ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşymyzyň gül-gunçalary, Watanymyzyň geljegi bolan çagalaryň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli, watansöýüji, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri  üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Çagalar, olaryň abadançylygy we sazlaşykly ösmegi baradaky hemmetaraplaýyn alada Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Bu syýasatda halkymyzyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik ýörelgeleri hem-de parasatly ruhy-ahlak gymmatlyklary öz beýanyny tapýar.

Türkmenistan eýýäm köp ýyllaryň dowamynda BMG-niň iri ýöriteleşdirilen edaralarynyň biri bolan ÝUNISEF bilen ýakyndan we netijeli hyzmatdaşlyk edip gelýär. Çagalary goramagyň halkara gününiň milli senenamamyzdaky baýramçylyklaryň hataryna girizilmegi Türkmenistanyň Milletler Bileleşiginiň ösüp gelýän nesliň hukuklary we bähbitleri babatdaky ýörelgelerine ygrarlydygynyň aýdyň beýanydyr.

Häzirki wagtda ýurdumyzda maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça toplumlaýyn çäreleriň ulgamy hereket edýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan ugurdaş özgertmeler we maksatnamalar, şol sanda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy, çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly strategiýa bu ugurdaky öňde goýlan wezipeleri çözmäge gönükdirilendir.

Çagalaryň geljegi ählitaraplaýyn goralýar we goldanylýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hereket edýändigi munuň aýdyň subutnamasydyr. Sagdyn, ruhubelent, edepli-ekramly nesilleriň ýörejek nurana ýollary şu günki beýik işler bilen binýat bolýar.

Muhammet BAÝKABULOW,
TDP-niň Köýtendag etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu