
Ýüpekçilik Türkmenistanyň oba hojalygynyň örän gadymy we möhüm pudaklarynyň biridir. Türkmenler baryp-ha mundan müň ýyl ozal pileden ýüpek alyp, gymmatbaha matalary, halylary dokapdyrlar. Şol wagtlardan bäri dokalyp gelinýän keteni, gyrmyzy donluk ýaly matalar henize çenli hem türkmen halkynyň arasynda giňden ulanylýar. Sözümiziň şu ýerinde ýüpegiň, piläniň emele geliş taryhy, dünýä ýaýraýşy hakynda kelam agyz durup geçsek has göwnejaý bolardy.
Ýüpegiň döreýiş taryhy öz gözbaşyny örän irki döwürlerden alyp gaýdýar. Taryhçy alymlaryň bellemegine görä, hytaýlylar mundan bäş müň ýyl ozal ýüpek gurçugyndan ýüpek almagyň usulyny tapypdyrlar. Rowaýata görä, ilkinji ýüpegiň alynmagynyň syry imperator aýal Si Ling-Çi tarapyndan açylypdyr. Ol çaý içip otyrka, käsesine agaçdan ýüpek gurçugynyň pilesi gaçypdyr. Haçan-da ol käseden aljak bolup piläni çekende, pileden ýüpek sapagy çözülip başlapdyr we ilkinji gezek ýüpek sapagy alnypdyr.
Birnäçe müňýyllyklaryň dowamynda Günbatar bilen Gündogary söwda-medeni taýdan jebis birleşdiren kerwen ýolunda – Beýik ýüpek ýolunda äkidilýän harytlaryň hem aglaba bölegi Hytaýda öndürilen ýüpek matalar bolupdyr. Ýüpek önümleri Ýewropa bazarlarynda iň geçginli önümleriň biri eken. Şol döwürde ýüpek matanyň taýýarlanyşynyň syry ýewropalylara mälim bolmandyr, hytaýlylar bolsa ony örän gizlin saklapdyrlar. Ýöne ýüpek öndürmekligiň usulyny köp asyrlap gizläp saklan bolsalar-da, Merkezi Aziýa we Ortaýer deňziniň kenarýaka ýurtlaryna ýüpekçilik dürli ýollar arkaly ýaýrapdyr.
Taryhy çeşmelere görä, b.e. VI asyrynyň 50-nji ýyllarynda Wizantiýa imperatory Ýustinian I döwründe Wizantiýa syýahatçylary Hytaýdan öz hasalarynyň içini köwüp, ýüpek gurçuklarynyň tohumyny gizlinlikde öz ýurduna getiripdirler. Şunlukda, ýüpek Wizantiýada, biraz soňra bolsa dünýäniň ençeme ýurtlarynda öndürilip başlapdyr.
Ýüpegiň ýaýramagy Merkezi Aziýa, şeýle-de, Gadymy Türkmenistana uly täsir ýetiripdir. Ýüpekden matalary öndürmeklik Merwde we Parfiýanyň merkezi bolan Nusaýda has hem giň gerime eýe bolup başlapdyr. Türkmen gelin-gyzlary tarapyndan dokalan ýüpek halylary we matalar özüniň nepisligi, owadanlygy bilen aýratyn tapawutlanypdyr.
Biziň ýurdumyzda ýüpekçilik ýylsaýyn ösdürilýär, ýüpekçiler gurçuk tohumy bilen doly üpjün edilýär.
Nurana HOJAMBERDIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.



