Žurnalistiň sahypasy

Watanymyzyň mukaddes nyşanlaryna sarpa

17-05-2024 / 24

Ýurdumyzyň esasy Döwlet nyşanlary bolmak bilen, Esasy Kanunymyz we ýaşyl tugumyz täze taryhy eýýamda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özbaşdaklygynyň mizemez esaslaryny özünde jemläp, halkymyzyň bitewüligini, jebisligini, parahatçylyk döredijilik, ynsanperwerlik, ýagşylyk taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň hem-de berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar. Jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy baradaky konstitusion ýörelgäni amala aşyrýan syýasatymyzyň, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlarymyzyň esasyny düzüp, mähriban halkymyza Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlerde egsilmez güýç-kuwwat berýär, jebisligimizi, agzybirligimizi has-da pugtalandyrýar.

Döwlet baýdagy Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, şöhratly geçmişimiziň, bagtyýar döwrümiziň hem-de beýik geljegimiziň belentligini, abraý-mertebämiziň synmazlygyny alamatlandyrýan gymmatlygymyzdyr. Şoňa görä-de, gadymy haly gölleri, ýarymaý bilen bäş ýyldyz, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny aňladýan zeýtun şahalary şekillendirilen ýaşyl tugumyz mukaddes Watanymyzyň, merdana halkymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýar.

Pederlerimiziň ruhy mirasymyz baradaky pikirleri, nesillerine wesýet eden Watany söýmek, oňa wepaly gulluk etmek, hoşniýetlilik, adalatlylyk ýaly asylly ýörelgeleri ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň özenini düzýär. Şonuň üçin-de bu gün halkymyz gadymy taryhynyň belentligine oňat düşünip, Garaşsyz döwletimiziň Konstitusiýasynyň kabul edilen gününi bellemek bilen, paýhasly pederlerimiziň ýörelgelerine uly hormat-sarpa goýýar. Konstitusiýa esasy ýörelgeleri beýan etmek bilen, ol döwletimizde amala aşyrylýan özgertmeler, durmuşyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşi nazara alnyp baýlaşdyrylýar we kämilleşdirilýär. Häzirki döwürde ol düýpli mazmuny, ykdysady, durmuş, medeni hukuklar baradaky esasy ýörelgeleridir ugurlary özünde jemleýän üsti ýetirilen resminamadyr.

Mekan HAÝYTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-­tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzluk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu