Žurnalistiň sahypasy

Oba ho­ja­lyk önüm ön­dü­ri­ji­le­rine goldaw

20-05-2024 / 34

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda obasenagat toplumyny ýurdumyzda geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň hasabyna ösdürmek, içerki bazarlarymyzda azyk bolçulygyny döretmek we obasenagat toplumynyň eksport mümkinçiligini artdyrmak boýunça oňyn işler amala aşyrylýar. Bu babatda ýurdumyzda bugdaý, pagta hasylyny we beýleki oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet tarapyndan goldaw berilýär. Ylaýta-da dünýäniň iň ösen, kämil tehnikalarynyň, kombaýnlarynyň satyn alynmagy, kärendeçilerimiziň suw, ýeri gurplandyryjy mineral dökünler hem-de zerur bolan beýleki önümçilik serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün edilmegi, olara ýeňillikli bank karzlarynyň berilmegi hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk önümlerini öndürijileri galkyndyrmak barada edýän bimöçber aladalarynyň aýdyň mysalydyr.

Oba hojalyk pudagyny ösdürmek barada döwlet tarapyndan berilýän goldawlaryň netijesinde her ýyl ýurdumyzda uly üstünlikler we yzygiderli ösüşler gazanylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek hakynda» 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda çykaran kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş bahasy 2 müň manat möçberinde, nah pagtanyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş bahasy ýygymyň başlanýan gününden 15-nji oktýabra çenli 5 müň manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 4 müň 770 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 4 müň 550 manat, ýüpek pagtanyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş bahasy ýygymyň başlanýan gününden 15-nji oktýabra çenli 6 müň 700 manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 6 müň 400 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 6 müň 100 manat möçberinde ýokarlandyrylmagy, şeýle hem pagta hasylynyň el bilen ýygylmagy üçin nah pagtanyň bir kilogramyna bir manat we ýüpek pagtanyň bir kilogramyna bir manat ýigrimi teňňe möçberinde bellenilmegi önüm öndürijileriň başyny göge ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyna berýän goldawlarynyň netijesinde oba hojalyk önümleriniň öndürilişi ýyl geldigiçe artýar. Şonuň netijesinde bolsa, önüm öndüriji daýhanlarymyzyň girdejileri has-da köpelip, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli ýokarlanýar.

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda ýurdumyzyň oba hojalygyny hemmetaraplaýyn ösdürmek hakynda edýän ýadawsyz aladalary üçin, önüm öndüriji kärendeçilerimiziň ählisiniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklary çäksizdir.

Goý, halkymyzy nurana ertirlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Maksat RAZZAKOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň buhgalteri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu