(hekaýa)
Bu tragediýa eýýäm geçmişiň saralyp giden sahypasy. Muny maňa gürrüň berenlerem dünýeden ötdüler. Olara-da «köneler» gürrüň berenmiş. «Ýagşy edep — ýagşy däp, ata-baba döwrebap» diýipdirler. Gürrüň bermek gezegi meniňki.
Ony dokuz ýaşyndaka, çorluja goşaryndan tutup, Atabaý tümen diýilýän adamyň gapysyndan getiripdirler. Sekiz ganat ak öýüň içine girenlerinden Bibigözel ony elinden çekip çökerdi. Üç heleý başyny gepiň kölüne çümdürenlerinden, gyzjagaz törde ýatan esgi gurjaga topuldy. Emma ýetip-ýetmänkä ýagyrnysynyň gözüne bir hepde bäri tanyş şarpyk ýelmeşdi.
— Bar daş çyk, ýer çeken!
Dulda süýnüp ýatan kempiriň gyryk sesi gyzjagazyň yzyndan daş işikde ýetdi.
— Berekella, Bibigözel, «Çory gülküsiniň muzdy — amanady» diýlendir. Gülüp-yşdyrsaň, başyňa çykar.
Hamsygyp durşuna, özi hakynda edilýän sowukdan perwaýsyz gürrüňlerem eşitdi.
— Nireden tapyp ýörsüň gyz, bi aýylgançja zady?
— Ýetimek-ýesirek gahatçylygy barmy? Seňki bir akar aryk. Çoryň bor-da, gyz! Hanalyň Hywa ýaly ýere gidip, at münüp, atam gomlap, at üstünde satan gomlap getiren sowgady şol. Hudaý bilsin, humara goýlupmy, neşebent tütedipmi?
— Ady näme?
— Kim ony soran? Çorly diýip ýörüs.
Şeýdip, onuň ady Çorly boldy. Atabaý tümeniň aýaly Ýegensoltanyň eline düşdi. Çorluja-da bolsa, düşbüje gyz Ýegensoltan ýekeje gezek buranda özüniň bu öýde kimdigini aňdy.
Baý öýüniň tur-otury gytmy? Älemiň tärim ýeri gyzarmanka hyzmata barmaly, Ýedigen agýança-da kellesi ýassyga ýetmez. Edip bilmeýän-ä işiň bolmaly däl, ýöne ojagyň külüni atmanam ynanýan däldirler. Küle garyp, bir zatlaryny zyňaýjak ýalysyň. Tümeniň özünden özgesi gün ýaşdygy Çorlusyz iki ädim zeruryna-da gidibilmez, ýöne öýüň içinde hersi bir deräň şiri. It-guş daş atandan gaçyp sypýa, uçup sypýa, ýöne Çorla gutulma ýok ölüp sypaýmasa… Ýöne ölüp «o dünýe» diýilýäne baraýaňda-da, Ýegensoltansyz ýaşap boljagyna hiç kimiň kepili ýok.
Ejiz bolsaň, ýagyň kän, erksiz bolsaň – ganymyň. Atabaý tümeniň bir garry ejesi bardy. Ýüzüne «Eneş ene» diýýäler, ýeňsesinden: «ol ölmängiden». Çorlynyň şu gapa geleni indi alty ýylyň ýüzi, şol günlerem «heläk-heläk» diýip ýördiler. Henizem üzülibilmän ýatyr. Galyň-galyň heleýler soramaga gelseler, ýüzüne «Tüweleme, ýüzüň-gözüň bir oňat, goýaweriň, siz bir ölmäweriň, gelsek-gitsek köne ýüz» diýen bolýarlar. Onda-munda-da: «Güna daşy ýaly bolup, gap duly saklap ýatyr, ýaradan kyýamat azabyny şu ýalançyda görkezjek oňa» diýýämişler. Ýöne oglunyň arkasyndan Eneş tümençe henizem demi bilen haraz ýöredýärdi. Aýdany edilmese… Beýle ýagdaý heniz bolubam görmändi. Ine, şol mejalsyz, hökümli kempiriň ähli hyzmatyny Çorly edýärdi. Ýöne ol tekepbir aýal özüniň artykmajyny-hapasynam Çorlynyň aýyrýanyny kän halap durmaýan borludy. Kişä keşigi düşýän adam uýala-gorkarak daraşaýjak ýaly. Emma bi heleý beýle däldi. Bu heleý tohum heleýmiş! Äriniň ady («Aksakgalymyz» diýip adyny tutan bolýar) Sapar tümenmiş, gaýyn atasy Serheň tümenmiş, ondan aňyrsyny Çorly tapybam biljek däl. Onsuzam dünýe ýüzi bir daban. Barynyňam adynyň «tümen-ä» bar. Garaz, aňyrlary bir uly bege direýärmiş. Ýedi puşduny sanap, aryplap-taryplap, şol Çorlynyň ýüregini dyrmalap oturandyr. Günde bäş düşegi çöp başyna serdirýän diýib-ä müýnürgänok. Bi-de owarram, garry garga gagyldabersin-le weli… Günde gürrüňiň soňy Çorla syrygardy. «Ejemi çala bilýän, kakam-a göremogam» diýen juda agyr düşýän jümleleri günde gaýtalamaly bolýardy. Bir zada jyny atlanan garry käte: «Seň kakaň kimdigini bir ejeň bilýän bolaýmasa…» diýip, çökder-çökderem diýäýerdi. Şo sözleri aýdanda, özüniň boglup öldürilmeginiň tüfdanyndanam golaýdygyny weli aňmaýardy. Çorly pursat araýan pişik ýaly, bir düýrügip goýardy.
Şu öýdäkileriň Çorlynyň somalyp duran süňklerine degip, eli agyrmadygy bir Atabaý tümeniň özüdi. Ol gamçy bilen urardy. Seýrek, ýöne göwnejaý. Beýlekileňki şilk-şilkräk, ýöne her ädimde. Sebäpli, sebäpsiz, günäli, günäsiz, keýpine, içleriniň ýangyjyna.
Ol özüniň ähli ýigrenjini köne kepbejigidir, tozgun ýorgany bilen paýlaşardy. Hünübirýan aglardy. Onda-da assyrynja. Ýogsam: «Näme waňkyryp ýatyrsyň?» diýip, gapa ellerine ilen zady zyňarlar. It çyňsasa weli, hökman habar tutarlar. Goňur tümen (Bu olaryň itleriniň ady) ak nandan hakly. Çorla tamdyryň agzyna arpa çörek ýapýalar o-da küle gaçman, gataman duranok. Ýeke gezek kişmiş iýip gördi. Olam tümenleriň kiçisi Ýedi öýlenende. Ýüregi ýukarak gelinleň biri bir gysym dadyrdy. Ýegensoltan şonam görüp ýetişdi: «Baý-baý, şu açmaňyzdanam dynmadyk».
Agyr ykbal zalymlaryň eli bilen biçäre naçaryň egninden näçe bassa-da, iki zada welin alaçsyzdy. Çorly gara günliniň güni «waý» bilen ötse-de, saçlary bir gulaçdy. Tükeniksiz hysyrdylar onuň wagtyny näçe alsalaram goşa örüm lowurdap durandyr. Ýegensoltanyň saçly meselede gara ýüregi eddil aýasynda bökübererdi. Zalym heleýiň gözi saçdadyr. «Sary çyrmaşygyny» ütüp otyrka, äwip-säwip Çorly giräýse, amanady üzülip barýandyr. «Näme köw urup ýörsüň neme ýaly bolup…» diýer. Kim bilýa nämä meňzedýänini. Gyzlarynyň sirkesini bolsa gargyna-gargyna özi çöpleýärdi. Çorla ýetdirmeýän ýalňyz iş şol bolsa-da bolaýar.
Atabaý tümeniň ortanjy ogly saz çalýardy. Çorly hemme saza ünsem berip durmazdy. Ýene «Daraýy donly» weli duşaklap ataraýardy. Şony diňlejek bolup moýly küýzäni döwüp, taýak iýibem gördi. Çorly diňe şol gezek urlany üçin gije aglamandy. Ortanjy tümen şonda «be-e» diýipdir.
Çorly bu gün has ir turdy. Saçlaryny darady. Başyndan geçenleri birin-birin ýatlady. Öz ýanyndan diňe özüne mälim bolan çyn adyny gaýtalap gördi. «Näzikjemal, Näzikjemal, Näzik…»
Boş kündük gapa degip, tas zähresini ýarypdy. «Heý, köküň kesilsin! Wenez…» Çorly guşluga çenli çar ýana ýeldi.
Ýegensoltan bu gün atasy öýüne toýa gitmäge şaýlanyp-seplenýärdi. Ol özüniň gyzlary bilen üç ýaşly körpe ogluna şahy kürte geýdirip, sagrysyna, eginlerine bazbent dakyp otyrdy. Başbilmez taý sakaklan ýaly edip, ony höre-köşe bilen saklajak bolýardylar.
Atabaý tümen ter halynyň üstünde keserip, çaý içip otyrdy. Ol gürrüňe goşulman sus oturyşyna özüniň körpe ogluna syn edýär. Enesi bolsa aýagaldygyna wagyrdap, agtygyny öwýär. Öýüň töwereginde Çorlynyň tykyrdysyny eşidip, hasam möwç aldy.
— Körpämdir bi, erkämdir bi. Beg oguldyr. Ýedi puşdy zer eýerli bedew münen begzada neslidir bi.
«Onda näme Ýammat ýeser: «Beýleki tümenlerden-ä erinlegräk, seňrikmenräk» diýýämişin. Ýeňsäňden gülnenden maňlaýyňdan atylany ibalyrak». Atabaý tümen şu ganym pikiri kellesinden çykaryp bilmedi.
Eneş tümençäniň ýüregi barha eräp barýar.
— Atasy Sapar tümendir, babasy Serheň begdir munuň. Atasy-babasy sap guzudyr bi…
Ýegensoltan gaýyn enesiniň suwjuk sözleriniň täsirini öz äriniň ýüzünde görmedi. Äri seredende bolsa näzі ýasama boldy. Tas ýakasyny tutup, içine tüýküripdi. Tümençe bolsa şol wagyrdap otyr:
— Hany munuň gamçysy, hany begimiň naýzasy? At getiriň ogluma, ýarag beriň guzyma. Asylzadadyr bi, begzadadyr bi…
Şu ýerde weli garry tümençe sesini kesmeli boldy. Asyl öýüň içi dym-dyrslyk bolaýdy. Olary aňk eden zat ak öýüň daşyndan eşidilýän haýykdyryjy gülküdi.
Garry gargany diňläp oturan Çorly birden gülüp başlady. Onuň ýadyna dört ýyl mundan öň Atabaý tümen ýokka, ýüzüni garaňka salyp, Hanalynyň geleni düşdi. Ol indi ýigrenjini, gazabyny saklajak bolup durman güldi. «Goý» diýseler beter güldi.
— Ha-ha, nämezadalyg-a belli-le… Ha-ha, belli-le, belli-le, ha-ha…
Atabaý tümen ojakda duran kündügi garbap daşary okduryldy. Soňuny saýmanam ýere ýazylyp gülüp oturan naçaryň depesinden inderdi. Çory amanadyny Alla onuň bikesine ynanarmyş, ýöne Çorlynyň bir jümlesi kalbynyň kitüwli ýerine ýelmeşäýdi. Ol gazap bilen öýe girdi. Aýaly bolsa eýýäm günäsini ýaşyryp bilmän, ölümini boýnuna alyp, haly torba ýüzüni beripdi. Tärimden asylan egri gylyç syrylanda kempir amanadyny tabşyrdy.
Çorlynyň jesedini şol gün guma duladylar. Ýöne onuň gülküsiniň muzdy tümenlere-de arzan duşmedi. Başga-da iki adam ýel atyny münüp, ýelbegeý donuny geýdi.
Ölübem ýeňip boljak ekeni.
GOWŞUTGELDI DAŇATAROW.