Žurnalistiň sahypasy

Sport ýaryşlary erjelleri ýüze çykarýar

15-05-2024 / 24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn üns berlip, raýatlaryň saglygy hakda uly alada edilýär. Bu gün berkarar Watanymyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman sport desgalarynyň, stadionlaryň, sport mekdepleridir meýdançalarynyň hereket etmegi hem-de olarda ildeşlerimiz üçin giň amatlyklaryň üpjün edilmegi adam hakdaky aladanyň buýsançly subutnamasydyr.

Gözel Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ýaşlaryň sport bilen yzygiderli meşgullanmagyny gazanmak maksady bilen, ýakynda, has takygy, 2024-nji ýylyň 7-8-nji maýynda sportuň grek-rim göreşi görnüşi boýunça 2011-2012-nji we 2013-2014-nji ýyllarda doglan çagalaryň arasynda Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.

Çekeleşikli we gyzgalaňly geçen ýaryşda ýaş türgenler özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmegi başardylar. Bäsleşikde Şabat etrabynyň 1-2-nji sport mekdebi, welaýatyň 7-nji sport mekdebi, Boldumsaz etrabynyň 2-nji sport mekdepleriniň türgenleri güýç synanyşdylar.

Bu ýaryşda sport mekdeplerinden 11 türgen gatnaşyp, olardan: Mansurow Umid   52 kilogram agramda I orna, Hudaýbergenow Begzat 42 kilogram agramda I orna, Satimow Dastan 45 kilogram agramda II orna, Rustamow Joşgun 36 kilogram agramda II orna, Allamow Jahangir 45 kilogram agramda III orna , Kiýazbaýew Aýanbek 36 kilogram agramda III orna, Inaýatow Kuwanç 48 kilogram agramda III orna mynasyp boldular. Ýeňiji bolan türgenler Şabat etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

Sport sagdynlygyň gözbaşydyr. Sporty özüne hemra edinýän ildeşlerimiziň sanynyň barha artmagy, türgenlerimiziň dürli derejedäki ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmegi, ak mermerli paýtagtymyzda dürli görnüşli sport oýunlarynyň yzygiderli geçirilmegi Türkmenistanyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň we sportuň mekany hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýar. Bu gün sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde her birimize nusgalyk görelde bolýan, türkmen sportuny ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Maksad BOÝAZOW,
Şabat etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň instruktor-usulyýetçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu