Žurnalistiň sahypasy

Beýik ýeňişlerimiziň buşlukçysy

17-05-2024 / 19

Ýaşaýşyň ýaşyl reňkini özüne siňdiren, asuda asmanda pasyrdap, rowaç ýollarymyza şugla saçýan ýaşyl Tugumyz  halkymyzyň arzuw-islegini, göwün maksadyny, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgesini äleme buşlaýan beýik mukaddeslikdir. Bu mukaddesligi goramak maksady bilen «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Onuň 1-nji maddasynda: «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Türkmenistanyň halkynyň agzybirliginiň we Garaşsyzlygynyň hem-de döwlet Bitaraplygynyň nyşanydyr» diýlip bellenilýär.

Merjen paýtagtymyzdaky Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen Baş Baýdagymyz döwletli tutumlarymyzyň rowaçlygyndan, dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna eýe bolýandygyndan habar berýär. Ýurdumyzyň ähli welaýat merkezlerinde gurlan şeýle Baýdak sütünleri milli bitewüligimizi alamatlandyrýar.

Ýaşyl tug ýaşaýyşdaky iň uly ýeňşimizi — bagtyýar günlerimizi dünýä buşlaýar. Onuň pasyrdysynda ene  topragyny, ata Watanyny jany-teni bilen söýýän hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşynda mäkäm jebisleşen agzybir halkymyzyň şu güne yhlasy, nurana geljege mizemez ynamy, dost-doganlyga bolan belent sarpasy bar. Esasy Kanunymyzyň kämilligi, Döwlet baýdagymyza goýulýan aýratyn hormat-sarpa, halkara bileleşiginde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyza bolan dostlukly garaýyş hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen beýik tutumlarynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň mizemez kepilidir.

Goý, ýeňişleriň buşlukçysy — ýaşyl baýdagymyz mydama belentlerde parlasyn!

Serdar EMINOW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyryşy taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu