
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdepde welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda “Başlangyç synplarda kompýuter sowatlygy – ösüşiň başlangyjy” atly temada usuly-amaly okuw maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherinden, etrap mekdeplerinden mugallymlar hem-de welaýat Baş bilim müdirliginden wekiller gatnaşdylar.
Mekdebiň başlangyç synp mugallymlary türkmen we rus dillerinde açyk sapaklary geçdiler. Sapagyň dowamynda multimediýa tagtalaryndan we hormatly Prezidentimiziň körpe nesle sowgat beren noutbuk kompýuterlerindenm peýdalandylar. Şeýle-de sapagkda mugallymlar birek-birek bilen özara tejribelerini paýlaşdylar. Şeýle açyk sapaklaryň we mugallymlar innowasion tehnologiýalar bilen işlemek ukyplarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi sanly bilimi ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Sanly ulgamda täze tehnologiýalardan peýdalanmagyň dünýä tejribesini öwrenip, bilim ulgamynyň talaplaryny göz öňünde tutup, öz okuw işimizde ornaşdyrýarys. Kompýuter otaglary okuwçylaryň sapakda we sapakdan boş wagtlary öz bilimlerini kämilleşdirmekde uly ýardam berýär. Talyplar innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp, amaly sapaklara taýýarlananda, özüniň bilimini artdyrýarlar, internet ulgamyna girip, tema degişli goşmaça maglumatlary saýlap bilip, sapagyň gyzykly geçmegine goşant goşýarlar. Kompýuteriň kömegi arkaly mugallym öwrenijileriň ählisiniň geçilen tema boýunça alan düşünjelerini, ýörite düzülen test programmasy arkaly bary-ýogy sanlyja minudyň dowamynda barlaýar. Kompýuteriň kömegi bilen mugallym sapagy berkidýär, okuwçylara öýde ýerine ýetirmäge ýumuşlary tabşyrýar. Munuň özi kompýuter sowatlylygyny has-da artdyrmakda we bilimiň hilini artdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiz ylma ýurdumyzy innowasiýa taýdan mundan beýläkde ösdürmegiň ygtybarly binýady hökmünde garaýar. Ýurdumyzda bilim ulgamyny ýokary halkara ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilen milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, onuň gazananlary bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýetinde netijeli peýdalanylýar. Häzirki wagtda orta mekdeplerde «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, elektron maglumatlar gory döredildi. Bu konsepsiýanyň durmuşa ornaşdyrylmagynda kompýuter sowatlylygyny döwrebap kämilleşdirmegiň wajypdygy bellidir. Şunuň bilen baglylykda bilim ulgamy boýunça düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň barşynda çagalar bagyndan başlap, ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýän ýörite maksatnamalaýyn işleriň çäginde okuw kitaplary we okuw gollanmalary, multimediýa tagtalary, kompýuterler, okuw işinde zerur bolan maglumat tehnologiýalary we beýleki serişdeler, enjamlar bilen üpjün edilendir. Häzirki wagtda döwletimiz tarapyndan ýaş nesliň biliminiň dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirilmegi we barha kämilleşdirilmegi üçin döredilýän mümkinçilikler günsaýyn artýar. Bilim maksatly täze binalaryň gurlup, ulanylmaga berilýändigi, abadanlaşdyryş işleriniň yzygiderli geçirilýändigi olaryň abzallaşdyrylyş derejesiniň juda ýokary bolmagy bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigine şaýatlyk edýär.
Şeýle irginsiz aladalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Göwher ANNAGELDIÝEWA,
Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň umumy orta bilim bölüminiň esasy hünärmeni.



