Žurnalistiň sahypasy

Ylym öwreden ussat — kyblam pederdir

17-04-2024 / 37

Ýaşlaryň kalbynda watansöýüjiligi kemala getirmekde, olara edep öwretmekde, asylly terbiýe bermekde Döwletmämmet Azadynyň döredijiligi hem uly ähmiýete eýedir. Türkmen halkynyň söýgüli şahyry, akyldary Magtymgulyny terbiýeläp ýetişdiren Döwletmämmet Azady öz döwrüni iň görnükli alymy hem-de zehinli şahyry bolupdyr. Ol ilki oba mekdebinde okap, soňra medresede düýpli ylym alypdyr, iliniň hormatly ýaşulusy, köpçüligiň hemaýatçysy, geňeşdary bolupdyr.

Döwletmämmet Azady ilini-ýurduny jany-teni bilen söýen şahyrdyr. Ol adyň, abraýyň iliňe-ýurduňa edýän hyzmatyňa goýulýan gadyr-gymmata baglydygyny yzygiderli nygtapdyr. Görnükli rus akademigi A.Samoýlowiç «Magtymgulynyň kakasy Döwletmämmet mollanyň goşgulary» diýen işinde Azadynyň öz döwrüniň alym adamsy bolanlygyny tassyklaýar.

Döwletmämmet Azadynyň öz ogly Magtymgulynyň okamagy ugrunda köp tagalla edendigini ýatlamalydyrys. Bar bolan maglumatlara görä, Döwletmämmet Azady oglan okatmagyň, dürli ylymlar bilen meşgullanmagyň daşyndan, «Azady» tahallusy bilen «Behiştnama», «Wagzy-azat» poemalaryny, «Hekaýaty-Jabyr ensap», «Rubagyt ez ruýy-zary we doga» eserlerini hem-de birnäçe goşgulary miras galdyrypdyr. Onuň «Wagzy-azat» kitabynyň ahyrynda ýerleşdirilen Gündogaryň halk lukmançylygyna degişli ýazgylary-da uly ähmiýete eýedir.

Döwletmämmet Azadynyň döredijiliginde nesil terbiýesi, ylym-bilim meselesi düýpli goýulýar. Ýurdy dolandyrmak, halkyň gowy durmuşda ýaşamagyny, parahatçylygy üpjün etmek üçin ylymly-bilimli bolmagyň zerurdygyny düşündirýär. Ol özünden öň ýaşap geçen akyldarlaryň ylym-bilim baradaky pikirlerini ösdürip, ylmy ýagtylyga, sowatsyzlygy garaňkylyga deňäpdir:

Sahyby gündiz isedir — alym Gün
Açyk eýlär görmäge batyl gözüň.
Sahyby gije bolursa — Aýdyr ol
Röwşen olgaý hem ýaman hem ýagşy ýol
Eýesin gör gije diýseň — ol çyrag
Çölge ogşatsaň eýesin — ol bulag
 — diýmek bilen, adamzada Günüň-Aýyň, ýeriň-suwuň, göwrä ýüregiň gerek bolşy ýaly, ylmyň-bilimiň hem zerurdygyny, onsuz ýaşaýşyň kyndygyny, işleriň rowaç almajagyny düşündiripdir.

Döwletmämmet Azady «Wagzy-azat» eserinde wakalary ylmy düşündirişler esasynda beýan edýär, öwrümli pelsepe usulynda açyp görkezýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hem halk diliniň baýlygyny ussatlarça ulanmagyna, milli ruhly gahrymany orta çykarmagyna Azadynyň mekdebini geçendigi ýardam eden bolsa gerek. Magtymgulynyň beýik akyldar şahyr bolmagynda Döwletmämmet Azadynyň uly hyzmaty bardyr. Muny Magtymguly: «Ylym öwreden ussat — kyblam pederdir» diýmek bilen belläpdir.

Gurbangül BÄŞIMOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu