
Mälim bolşy ýaly, 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Konstitusiýamyzyň kabul edilmegi özygtyýarly, hakyky demokratik, hukuk we dünýewi döwleti döretmek ýoluna düşen türkmen halkynyň iň täze taryhynda möhüm sepgidi alamatlandyrdy. Hut şonuň üçin hem bu sene türkmenleriň öz garaşsyz, azat döwleti, milletimiziň agzybirligi we jebisligi baradaky hasyl bolan köpasyrlyk arzuwynyň özboluşly nyşanyna öwrüldi.
Ýurdumyzda her ýylyň 18-nji maýynda giňden bellenip geçilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni Garaşsyz döwletine, özygtyýarly ösüş ýoluna eýe bolan türkmen halkynyň çäksiz buýsanjyny ýüze çykarýar. Bu baýramyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyryň hatyrasyna bina edilen ägirt uly heýkeliň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy bilen utgaşdyrylmagy umumadamzat gymmatlyklaryna ruhy we medeni taýdan möhüm goşant goşan türkmen halkynyň beýik döwre ýetip, mizemez berkarar döwlet gurandygyny dünýä äşgär edýär.
Ýurdumyzyň Konstitusiýasy ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerini, dünýä tejribesiniň iň oňyn gazananlaryny, milli we umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemläp, Türkmenistanyň jemgyýetçilik hem-de döwlet gurluşyny kesgitledi, iň gymmatly baýlyk hökmünde adamy, onuň bagtyýarlygyny, abadançylygyny yglan etdi. Esasy Kanunymyz ýurdumyzyň ähli raýatlarynyň deňhukuklylygyny, kanunyň rüstemligini üpjün edýär, her bir raýatyň öz mertebesiniň we at-abraýynyň goraglylygyny kepillendirýär.
Ýurdumyzyň Esasy Kanuny özüniň esasy düzgünlerini saklap galmak bilen birlikde, amala aşyrylýan ägirt uly hem-de giň möçberli özgertmelere laýyklykda kämilleşdirilýän çeýe hukuk guraly bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwlet gurluşy babatda ýurdumyzyň hem-de dünýäniň iň gowy tejribesini, milli we umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemlemek bilen, demokratik, hukuk hem-de dünýewi döwleti gurmagyň möhüm wezipelerini birleşdirdi. Bu bolsa bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti döretmäge hem-de raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam etjek durmuş wezipelerini çözmäge gönükdirilendir.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ylmy-tejribe nukdaýnazardan esaslandyrylan taglymatynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň alamatydyr. Bu taglymat kämil, döwrebap hukuk binýadyna esaslanýar.
Maral HANMEDOWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyryşy taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.



