
Dowamat-dowam bolmagyň ilkinji şerti kämil nesilleri ýetişdirmek bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz sahawaty bilen esaslandyrylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan asylly işleri ynsanperwer ýörelgelere esaslanýar.
Bu haýyr-sahawat gaznasy 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilip, gazna tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Onuň bank hasaplaryna raýatlardan hem-de edara görnüşli taraplardan pul serişdeleri yzygiderli gelip gowuşýar. Bu serişdeler howandarlyga mätäç çagalara tölegli lukmançylyk, bilim hyzmatlaryny bermäge, olaryň gowy dynç almaklary üçin mümkinçilikleri döretmäge, beýleki degişli zerurlyklary kanagatlandyrmaga gönükdirilýär.
Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda enäniň we çaganyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmagyň we berkitmegiň, olary ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmegiň, maşgala medeniýetini has kämil derejä ýetirmegiň ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň aýrylmaz bölegidigi bellenilýär.
Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Çagalaryň bagtyýar durmuşy we sazlaşykly ösüşi Watanymyzyň abadançylygynyň kepilidir. Olaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, şahsyýet hökmünde kemala gelmegi hem-de ukyp-başarnyklarynyň doly açylmagy üçin şertleriň döredilmegi Watanymyzyň, halkymyzyň röwşen geljegi ugrundaky uly jogapkärçilige esaslanýan tagallalarymyzyň baş maksadydyr» diýip belleýär. Elbetde, ýaş nesli kämil derejede kemala getirmek, ilkinji nobatda, olara berilýän edep-terbiýäniň hiline bagly bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde ýurdumyzyň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde surata düşürilen «Kompozitor» atly filmi görkezmek bolar. Bu filmde sazyň täsinlikleri, ynsan ruhuny bejerijilik häsiýeti barada gürrüň berlip, onuň içinden ýaş nesliň şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde we jemgyýetde öz ýerini tapmagynda terbiýäniň, şeýle hem terbiýäni bermekde, ýaşlary hünäre ugrukdyrmakda maşgalanyň orny hakyndaky pikirler eriş-argaç bolup geçýär.
Şeýle hem Milli Liderimiziň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna baryp görmegi, ol ýerde milli atşynaslyk ýörelgelerine höwes bildirýän çagalar bilen duşuşyp, atçylyk däpleriniň özboluşly aýratynlyklary hakynda söhbet etmegi, täze, ýaş atşynaslar toparyny döretmek baradaky teklibi öňe sürmegi bellenilmäge mynasypdyr. Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan goldaw beriljek bu toparyň döredilmegi, nesip bolsa, atşynaslaryň täze neslini ösdürip ýetişdirmekde möhüm ädim bolar.
Nigara REJEPBAÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 11-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.



