
Hormatly Prezidentimiziň mähriban halkyna peşgeş beren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgertmeler bilen täze belentliklere tarap okgunly öňe barýan ata Watanymyzda durmuş-syýasy ugurlarynyň ählisi bilen bir hatarda, bilim ulgamynda hem aýdyň görmek bolýar. Munuň özi, ozaly bilen ýaş nesliň bilimdir terbiýesiniň döwrüň talaplaryna laýyk çözülýän ýeri bolan bilim ojaklaryna, ol ýerde döredijilikli hem göreldeli zähmet çekýän mugallymlar bolan bize hormatly Prezidentimiziň uly üns berip, ýokary talap bildirýändigini aýratyn kanagatlanma we hoşallyk duýgulary bilen belläsim gelýär. Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ýaş nesilleriniň ak mekdepleriň bosagasyndan ätlän ilkinji gününden guralýan sapaklaryň many-mazmunyny watansöýüjilik düşünjesi bilen berk baglanyşdyrýar. Röwşen geljegimiz bolan ýaş nesliň kalbynda ata Watana bolan söýgini kemala getirmek biziň baş maksadymyz bolup durýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary netijesinde ähli bilim ojaklary kompýuter tehnologiýalary, multimediýa tagtalary, lingafon otaglary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Biz hem guraýan sapaklarymyzyň, sapakdan daşary çärelerimiziň has-da täsirli we gyzykly bolmagy üçin häzirkizaman innowasion tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýarys.
Ýurdumyzyň bilim edaralarynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary esasynda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Mekdebimiziň mugallymlary hem bu Konsepsiýany öz gündelik işinde ornaşdyrmaga çalyşýarlar. Olar işleri döwrüň talabyna laýyklykda has-da kämilleşdirmek, şeýle-de sanly bilim ulgamy bilen baglanyşykly dersleri guramak boýunça giň möçberli işler alyp barýarlar.
Men hem hut şeýle talaplardan ugur alyp, ýaş nesle döwrebap bilim, terbiýe bermekde yhlasly zähmet çekýärin. Munuň üçin mekdebimizde ähli şertler döredilen. Mekdebimizdäki ýöriteleşdirilen synp otaglarynda sapaklary has täsirli geçirmek üçin interaktiw tagtalar we ugurdaş görkezme esbaplar ýeterlik. Bu bolsa sapaklara döredijilikli taýýarlanmaga, ýaş nesliň bilime bolan bilesigelijilik höwesini has-da artdyrmaga oňat täsir edýär.
Berkarar döwletiň röwşen geljegi bolan ýaş nesliň ýurdumyzda dünýä derejeli bilim almaklary, saglyklaryny berkitmegi, ähli ugurlar boýunça özleriniň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkdagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Täçnabat ORAZOWA,
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.



