
Gündogar ýurtlarynda we dünýä alymlary tarapyndan akyldar Magtymguly diýlip, ady tutulan beýik nusgawy şahyrymyz, söz ussady Magtymguly Pyragynyň ady Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jümle-jahana dolup, dünýäniň ençeme dillerinde şahyryň dürdäne eserleri kitap bolup, ýedi yklyma ýaň saldy. Döredijiligini halkyň durmuşy bilen berk baglylykda dowam etdiren beýik akyldaryň agzybirlik, bitewilik ugrundaky ýörelgesi hem örän ýokary derejede beýan edilýär. Şahyryň ata Watana bolan çuňňur söýgüsi, il-güne bolan hormat-sylagy, ruhy-ahlak gymmatlyklar şygyrlar bossanynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Öňdengörüji, weli şahyryň at-abraýyny, şan-şöhratyny dünýä dolduran hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen üstümizdäki “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly” diýip yglan etmek bilen tutuş ýylyň dowamynda akyldaryň şygyrlary we şygyrlaryna dşöredilen aýdym-sazlar belentden-belent ýaňlanýar. Akyldar şahyryň: “Magtymguly diýip, adym tutsalar” diýşi ýaly, 2024 – nji ýylda – Magtymguly Pyragynyň ýylynda her bir günde ýurdumyzda we dünýäde şygryýetiň belent toýy toýlanýar.
Häzirki wagtda şahyryň ömri, durmuşy, onuň ýaşan döwri, döredijiligi hakynda ençeme ylmy işler ýazyldy, kitaplar çap edildi. Alymlar şahyryň goşgularyna ýüzlenip, şol goşgular esasynda öz garaýyşlaryny beýan etdiler. Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy diňe bir çeper eserlerdir ylmy işlerde däl-de, şekilendiriş sungatynda hem öz mynasyp ornuny tapdy. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň heýkeli dünýäniň ençeme ýurtlarynda goýulypdyr. Bu bolsa türkmen akyldaryna goýulýan uly hormatyň aýdyň mysalydyr.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan “Magtymguly Pyragy” ensiklopediýasyny taýýarlamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Akyldar şahyryň 350-den gowrak golýazmalarynyň uly toplumy ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Geçen ýylyň iýun aýynda paýtagtymyzda geçirilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahatynyň gysgaça mazmuny, alymlaryň, aspirantlaryň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy institutlaryň doktorantlarynyň ylmy işlerini öz içine alýan ”Magtymguly Pyragy – dünýä danasy” atly maklalar ýygyndysy aýratyn kitap görnüşinde neşir edildi.
Akyldar şahyrymyzyň döredijiligini dünýä ýaýmaga ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. Goý, milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn!
Akmyrat GURBANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gidromeliorasiýa fakultetiniň Gidromeliorasiýa hünäriniň 1-nji ýyl talyby.



