Žurnalistiň sahypasy

Adamkärçilik ýörelgesine çagyryş

14-05-2024 / 19

Şu ýyl Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilenine, Döwlet baýdagynyň döredilenine 32 ýyl bolýar. Konstitusiýada Türkmenistan demokratik, hukuk, dünýewi döwlet diýlip yglan edilmek bilen, jemgyýetiň hem döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň hukuk kepillikleri öz beýanyny tapýar.

Döwletimiz hukugyň, azatlygyň hem-de ynsanyň kanuny bähbitleriniň goragyny ileri tutmak, halkara hukuk kadalaryna ygrarlylyk görkezip, ynsanperwerlik, adalatlylyk ýörelgelerine yzygiderli eýerýär. Ýurdumyz ynsanperwer ulgamda halkara kadalara eýerip, Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyndaky, degişli Konwensiýalardaky kadalary netijeli amala aşyrmak üçin syýasy, ykdysady, durmuş we beýleki kepillikleri döredýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy dünýä tejribesiniň iň gowy nusgasyny özünde jemläp, kanunyň hökmürowanlygyny beýan edýär. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy halkymyzyň mertebesiniň hemişe belent bolmagyna ýardam edýär, mukaddes gymmatlyk hökmünde köňüllerimize buýsanç bagyşlap, bizi ýeneki ösüşlere ruhlandyrýar. Aý-ýyldyzyň, haly gölleriniň, zeýtun şahalarynyň şekili ýerleşdirilen baýdagymyzda merdana pederlerimiziň belent ruhy, mukaddes topragymyzyň şanly geçmişi, beýik galkynyşly şu güni, röwşen geljegi — milli buýsanç jemlenendir.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýokary derejede bellenilmegi halkymyz üçin guwançly wakadyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde beýan edilýän, erkinlik, adalatlylyk, watansöýüjilik, berkararlyk, agzybirlik hakyndaky garaýyşlar Türkmenistanyň Konstitusiýasynda şöhlelenýär. Şahyryň eserleri tutuş adamzat üçin belent adamkärçilik ýörelgesine çagyryş bolup hyzmat edýär.

Nuraly BAÝNAZAROW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu