
Il-halkymyzyň teklipleri nazarda tutulyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen 2024-nji ýylymyzyň her bir gününde täze üstünlikleriň, ösüşleriň, bagtyýarlygyň, Magtymguly Pyragynyň şirin şygyrlarynyň belent ruhy duýulýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Her ýyly täzeçe atlandyrmak birnäçe ýyllardan bäri döwletimizde adata öwrüldi. Çünki ýylyň ady bizi belentliklere, täze sepgitlere ýetmeklige ruhlandyrýar. Ýylyň adynda üýtgeşik bir güýç bolýar» diýip belleýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň diňe bir döwlet derejesinde däl, eýsem, halkara baýramçylyk hökmünde bellenilmegi halkymyzyň göwnüni göterýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda şahyryň adamzadyň ruhy medeniýetiniň genji-hazynasyna, ynsanlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemekde milli edep-terbiýe mekdebine öwrülen gymmatly edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak maksady bilen, toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Hut şunuň esasynda, 2024-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly atlandyrmagyň özboluşly mazmuny bar. Täze ýylymyzyň şygarynda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alynmagy ähli türkmen halkynyň ýürek arzuwydyr, göwün islegidir.
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň — TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.
Ajaýyp täzelikler, buýsançly wakalar biziň güýjümize-güýç goşup, göwünlerimizi joşdurýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylymyzda hem beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär, milli gymmatlyklarymyz dünýä ýaýylýar, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasy has-da belent derejelere ýetirilýär. Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň adyny äleme aýan eden Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edebiýatymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Rahatjan JUMABAÝEWA,
Dänew etrabynyň Seýdi şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy.



