
Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek boýunça öňe süren başlangyçlary we teklipleri netijesinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan alty sany Kararnama kabul edildi. Ýurdumyzyň ulag syýasatyny we bu ugurdaky tagallalary dünýä jemgyýetçiliginiň işjeň goldaýandygyny tassyklaýan bu resminamalar halkara ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli amala aşyrmaga hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 15 — 19-njy aprelinde Aşgabatda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň 38-nji mejlisiniň geçirilmegi aýratyn bellärliklidir.
Ulagyň bu görnüşiniň wajypdygyny nazara almak bilen, uzak aralyga iri möçberli ýükleri daşamak wezipesini ýerine ýetirýän demir ýol pudagynyň ösdürilmegi ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaş ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegini we yzygiderli ösdürilmegini esasy ugur edinýän döwlet ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň geografik taýdan amatly çäkde ýerleşendigini nazara alyp, ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen syýasatyna möhüm orun degişlidir.
Türkmenistan 1994-nji ýyldan bäri Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agzasy bolmak bilen, milli derejede demir ýol ulgamy düzümleriniň sazlaşykly ösmegi we sebit derejesinde utgaşykly ulag syýasatynyň amala aşyrylmagy esasynda halkara üstaşyr ýükleri daşamagyň wajyp ugruny özünde jemleýär. Ýurdumyz guramanyň binýadynda maglumat tehnologiýalaryny alyşmak, ylmy-tehniki we ekologik meseleler babatda netijeli gatnaşyklary ýola goýdy.
2022-nji ýylyň maýynda Türkmenistan Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşyga goşuldy. Munuň özi ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmegini, nyrh baradaky maglumatlaryň öwrenilmegini, demir ýol üstaşyr ulag gatnawlaryň çäginiň giňeldilmegini şertlendirýär.
Sanjar BAHTIÝAROW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demirýol ulaglary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.



