
Döwlet Baştutanymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Watanymyzyň geljegi ýaşlarymyz bilendir. Olar ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydyr. Şeýle belent adamkärçilik sypatlary bilen Watanymyzyň, türkmen halkynyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende götermelidirler» diýip belleýär. Bu jümleler, bildirilen beýik ynam türkmen ýaşlarynyň öňünde uly jogapkärçilikli wezipeleri goýýar.
Şol wezipeleriň maksadalaýyk ýerine ýetirilmeginde, ýaşlary jemgyýetçilik durmuşyna, ylmyň ilkinji gözleglerine, döredijilik ýoluna, sportuň şanly menzillerine atarmakda ylym-bilim edaralary bilen bir hatarda jemgyýetçilik guramalaryna, aýratyn-da, biziň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramamyza uly orun degişlidir. Şoňa görä-de, biz — guramamyzyň agzybir işgärleri hem-de işjeň agzalary bolup, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarlarymyzdan ugur alyp, dürli ugurlara degişli bäsleşikleri, ýaryşlary, medeni-köpçülikleýin, wagyz-nesihat häsiýetli çäreleri yzygiderli guraýarys we geçirýäris.
Türkmen ýaşlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ylym netijeli ösüşleriň esasy çeşmesidir, täze açyşlara ruhlandyrýan güýçdür. Eziz Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny artdyrmak biziň baş maksatlarymyzyň biri bolup durýar. Şunda aýdyň maksatlary we meýilnamalary özlerine ýörelge edinen ýaş alymlaryň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gazanýan döredijilik üstünlikleri, ylmy açyşlary döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar» diýen parasatly sözlerini özlerine nusga edinip, ylmyň dürli ugurlary boýunça ylmy gözlegleri alyp barýarlar. Şu jähetden, ylma höwesli ýaşlaryň ilkinji ädimlerini höweslendirmek, olary ylma çekmek, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ösdürmek esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Şeýle möhüm wezipeleri oňyn çözmekde her ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşige aýratyn orun degişlidir.
Ýaşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň abraýyny barha belentliklere götermek ugrunda yhlasly okaýarlar, zähmet çekýärler, ylymda, bilimde, sportda, döredijiligiň dürli ugurlarynda uly üstünlikleri gazanýarlar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet ýaşlar syýasatynyň miweleri bolup, biziň her birimizi, şol sanda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ähli işjeň agzalaryny buýsandyrýar, täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Merjen GURBANGULYÝEWA,
TMÝG-ninň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.



