Žurnalistiň sahypasy

Beýik ynsanperwer şahsyýetiň sarpasy

12-05-2024 / 24

Magtymguly Pyragy — bu bir özboluşly dünýä. Oňa düşünmek üçin şahyryň ruhy dünýäsine özi bolup aralaşmaly. Taryhdan mälim bolşy ýaly, ХVIII asyr türkmen halky üçin iň kyn döwürleriň biri boldy. Şol döwürde türkmen edebiýatynda we medeniýetinde düýpli özgerişlik bolup, beýik akyldaryň döredijiliginde öňki döwürdäkä meňzemeýän täze ugur peýda boldy. Esasan hem onuň goşgularynda watançylyk, dost-doganlyk duýgusy has ösdi we güýçlendi. Magtymgulynyň şygryýeti joşgunly hyjuwy taýdan-da, iň ýokary derejedäki milli watançylyk duýgusy meselesinde-de, önüp-ösen ýurdunyň tarypy hem-de ýaşan döwrüni umumylaşdyrmak babatda-da hakykatyň şygryýetidir. Şonuň üçin hem ol özüniň dünýä poeziýasynyň hakyky göwheri bolan ajaýyp eserlerinde halky birlige, azatlyk we özbaşdaklyk ugrundaky göreşe, ýagty geljege hyjuwly çagyrypdyr. Şahyryň çuň mazmuna ýugrulan goşgulary türkmen halkynyň ruhy-ahlak arassalygyna oňyn täsir edýär.

Magtymgulynyň diňe bir halkyň, milletiň däl-de, tutuş adamzadyň manyly hem parahat ýaşaýşynyň kepili bolan dostluk, doganlyk, ula hormat, kiçä söýgi, Watany, ene topragy, milletiňi janyňdan ileri tutmak ýaly ahlak gözelliklerinden söz açýan şygyrlary diýseň kän. Şol goşgularda Magtymgulynyň çuňňur filosofik dünýäsi we ylmy garaýyşlary seljerilýär, ägirt uly terbiýeçilik ähmiýeti bolan bu eserlerde Watana bolan öçmejek söýgi, geljekki ýeňişlere egsilmez ynam, halkymyza mahsus maksada okgunlylyk çeperçilik bilen beýan edilýär.

Magtymguly Pyragynyň dagdan şaglap inýän täsin dury çeşme kimin teşne kalplara dolýan şygyrlarynyň aňyrsynda ýürekleri ýyladýan yssy mähir ýatyr. Bu diňe şygryýet däl, il-ýurt aladasyny gerdenine atan ynsanperwer şahsyýetiň süýji arzuw-umytlaryndan dörän ajaýyp sungat eseri. Munuň özi çuňňur watansöýüjiligiň, milli mirasa iňňän ýokary derejede sarpa goýmagyň, geçmişden ugur alyp, geljege ynamly gadam urmagyň ajaýyp nusgasydyr.

Beýik akyldaryň «At islärin», «Döker bolduk ýaşymyz» ýaly goşgularynda hem şeýle äheň, ýagny özbaşdak döwlet gurmak, agzybirlikde, asudalykda ýaşamak, garaşsyz Watanly bolmak, bir suprada aş iýmek, jebislik ýaly arzuwlary örän çeper beýan edilýär. Häzirki  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halal zähmet çekmek, okamak, ösüp gelýän ýaş nesle ylym-bilim öwretmek, terbiýe bermek diýseň ýakymlydyr.

Rustam ÇOWDUROW,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň iňlis dili we edebiýaty mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu