
Häzirki ajaýyp döwrümizde däp-dessurlary öwrenmek we jemgyýetiň belent ýörelgelerine eýermek, ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk hem-de asyrlaryň dowamynda emele gelen milli gymmatlyklar esasynda terbiýelemek asylly maksatlara öwrüldi. Pähimdar pederlerimiziň wesýetlerinden hem-de göreldelerinden kemala gelen milli ýörelgeler ýaş nesilleri terbiýelemekde gymmatly hazynadyr. Şonuň üçin hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli gymmatlyklarymyz, nusgawy edebiýatymyz wagyz edilýär, dünýä ýaýylýar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlaryň terbiýesine, ylym-bilimine aýratyn üns berilýär. Ýaşlara döwrebap terbiýe, bilim bermek üçin, ilki bilen, olaryň milli buýsanjyny, ata Watana bolan söýgüsini has-da berkitmeli. Watançylyk terbiýesi iňňän mukaddes we jogapkärli işdir. Şonuň üçin hem nesil terbiýesi watançylyk we milli gymmatlyklaryň esasynda alnyp barylýar. Munuň özi ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenýändigini, ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgelere ygrarly nesliň kemala gelýändigini aňladýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim bermegiň, okatmagyň hili has-da ýokarlanýar, täze mümkinçilikler işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyk kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek biziň alyp barýan bilim syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýen parasatly sözlerinden-de görnüşi ýaly, ylym-bilim ulgamy esasy ugurlaryň biridir. Hut şonuň üçin-de bilim edaralary iň döwrebap innowasion enjamlar bilen üpjün edilýär. Netijede, okatmagyň usulyýeti döwrebap mümkinçiliklere eýe bolýar. Bularyň hemmesi ösüşiň, belent üstünlikleriň berk binýadydyr.
Ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebap ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolup, beýik işleri mydama üstünliklere beslensin!
Aýbölek GARLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.



