
8-nji maýda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde bir gije-gündiziň dowamynda 30 müň kub metr agyz suwuny arassalamaga ukyply desganyň işe girizilmegi hem häzirki döwürde suw hojalygynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak işlerine ýurdumyzda aýratyn ähmiýet berilýändigini ýene bir ýola subut etdi.
Täze, kuwwatly desganyň merkezi edarasynda we bölümlerinde arassalanan agyz suwuny desgadan bellenen möçberde ibermek we zerurlyga görä iberilişi kadalaşdyrmak ýaly çözgütleri kabul etmek, barlaghanada suwy arassalamak üçin ulanylýan himiki reagentleriň bellenen kadalara laýyklykda taýýarlanylyşyna (alýuminiý sulfaty we gipohlorid natriý erginlerini garmak) gözegçilik etmek doly awtomatlaşdyrylan görnüşde ýerine ýetirilýär. Önümçilik düzüminiň himiki-bakteriologik barlaghanasynda daşary ýurtlarda öndürilen ýokary tehnologiýaly enjamlar, şol sanda 50-den gowrak barlagy, hususan-da, suwdaky dürli himiki elementleri, suwuň gatylygyny anyklamak üçin barlaglary ýerine ýetirýän spektrofotometr enjamy ornaşdyrylypdyr. Ýaşlyk şäherçesine, Gäwers obasyna we olaryň töweregindäki ilatly ýerlere iberilýän agyz suwuny öndürýän täze desga «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» çäklerinde amala aşyrylan taslamadyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe suw ulgamynyň işine düýbünden täzeçe çemeleşmeler giň gerim alýar. Döwlet durmuşynyň ähli pudaklarynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmagy wajyp wezipeleriň biri hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen welaýatlarymyzyň, etraplarymyzyň toprak-howa, melioratiw we ýerli şertlerine laýyklykda, oba hojalyk ekinlerini suwarmagyň tygşytly usullary işlenip taýýarlanylýar.
Döwletimiziň suw diplomatiýasynyň çäklerinde halkymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde uly işleriň durmuşa geçirilendigini we geçirilýändigini ýene-de bir gezek buýsanç bilen bellemek gerek. Türkmenistanyň suw diplomatiýasy bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň suw meseleleri boýunça uzak möhletleýin maksatnamasyny işläp taýýarlamak babatda ygtybarly binýat bolup çykyş edýär.
Mustafa MUHAMMETMYRADOW,
TOHI-niň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň Gidrotehniki desgalar taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.



