
Her ýylyň maý aýynyň 18-ine Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni aýratyn dabara, ruhubelentlik ýagdaýynda bellenilip geçilýär. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasatly başlangyjy bilen rejelenen görnüşde kabul edilen, jemgyýetimiziň we döwletimiziň ösüşiniň täze tapgyrynyň talaplaryna laýyk getirilen Esasy Kanunymyz demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň mizemezligini, kanunylygyny, hukuk tertibini şöhlelendirýär.
Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýurduň Konstitusiýasy kanunçylygyň kepili, raýatlaryň hukuklarynyň we erkinlikleriniň berjaý edilişiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň kepili hökmünde esasy orny eýeleýär» diýip belleýşi ýaly, Konstitusiýa döwletiň hem raýatlaryň esasy hukuklarynyň, borçlarynyň resmi beýanydyr. Konstitusiýa jemgyýetçilik we döwlet gurluşyny, häkimiýetiň wekilçilikli, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň döredilmeginiň, işlemeginiň tertibini hem-de ýörelgelerini, saýlawlar we sala salşyklar ulgamynyň gurluşyny, raýatlaryň esasy hukuklaryny, borçlaryny, döwletiň häkimiýet şahalarynyň gurluşyny, onuň wezipeli adamlarynyň ygtyýarlyklaryny kesgitleýän ýurduň Esasy Kanuny hasaplanýar.
Ýurdumyzyň Konstitusiýasy ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerini, dünýä tejribesiniň iň oňyn gazananlaryny, milli we umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemläp, Türkmenistanyň jemgyýetçilik hem-de döwlet gurluşyny kesgitledi, iň gymmatly baýlyk hökmünde adamy, onuň bagtyýarlygyny, abadançylygyny yglan etdi. Esasy Kanunymyz ýurdumyzyň ähli raýatlarynyň deňhukuklylygyny, kanunyň rüstemligini üpjün edýär, her bir raýatyň öz mertebesiniň we at-abraýynyň goraglylygyny kepillendirýär.
Ýurdumyzyň Esasy Kanuny özüniň esasy düzgünlerini saklap galmak bilen birlikde, amala aşyrylýan ägirt uly hem-de giň möçberli özgertmelere laýyklykda kämilleşdirilýän çeýe hukuk guraly bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwlet gurluşy babatda ýurdumyzyň hem-de dünýäniň iň gowy tejribesini, milli we umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemlemek bilen, demokratik, hukuk hem-de dünýewi döwleti gurmagyň möhüm wezipelerini birleşdirdi. Bu bolsa bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti döretmäge hem-de raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam etjek durmuş wezipelerini çözmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, kanunlarymyzda, ähli hukuk namalarynda Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesi öz beýanyny tapýar. Jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kadalaryň arasynda hukuga aýratyn orun degişlidir. Şonuň üçin hukuk jemgyýetiň we döwletiň durnukly ösüşini üpjün edýän serişde hökmünde ýurdumyzda ileri tutulýar. Konstitusiýamyzyň, kanunlarymyzyň kämilleşdirilmegi jemgyýetdäki durmuş-ykdysady özgerişlikler bilen utgaşyp, ata Watanymyzyň gülläp ösüşiniň kepili bolup, häzirki we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün edýär.
Saida BAZARBAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.



