Žurnalistiň sahypasy

Edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, hakyky watançylygyň nusgasy

10-05-2024 / 19

Beýik Ýeňiş gazanylandan bäri 79 ýyl wagt geçdi. Gazaply uruş ýyllarynda tutuş adamzat öwezini dolup bolmajak ýitgä sezewar boldy, millionlarça adamyň ömür tanapy kesildi, mukaddes gymmatlyklara, dünýä ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň, ylmyň, edebiýatyň we sungatyň ösüşine düýpli zarba uruldy. Şondan soňky geçen döwür uzaklarda galan gahrymançylykly ýyllaryň şol wakalaryny halk hakydasyndan öçürmän, esgerleriň söweş meýdanlarynda görkezen gaýduwsyzlygyny hem-de batyrlygyny, tylda zähmet çekenleriň edermenligini has aýdyň açyp görkezýär, faşizmiň we nasizmiň derbi-dagyn edilmeginiň dünýä taryhyndaky ähmiýetine has doly göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda umumy wehime hem-de zorluga garşy söweşen millionlarça adamy parahatçylykly durmuş baradaky arzuw jebisleşdirdi. Olar uzak garaşdyran Ýeňşiň ýakynlaşmagyna uly goşant goşdular. Beýleki doganlyk halklary bilen bilelikde türkmenistanly esgerler-de urşuň ýowuz synagyndan mertlik bilen geçdiler. Parahatçylyk we asudalyk, abadan durmuş ugrundaky aldym-berdimli söweşlerde belent ahlak sypatlaryny, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, hakyky watançylygyň ajaýyp nusgalaryny görkezdiler. Ata-babalarymyzyň şöhratly we gahrymançylykly ýoly Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Muňa şu maglumatlar hem şaýatlyk edýär: uruş meýdanlarynda türkmenistanlylaryň 265 müňden gowragy gaýduwsyz söweşdiler. Görkezen edermenlikleri üçin watandaşlarymyzyň 104-si Gahryman diýen belent ada mynasyp boldy, 19-sy bolsa “Şöhrat” ordeniniň doly eýeleri boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň atasy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşmagy aýratyn buýsançly ýagdaýdyr. Gahryman esgeriň durmuş ýoly Watanymyza, halkymyza gulluk etmegiň ajaýyp nusgasydyr. 1943-nji ýylda fronta meýletin gitmek bilen, ol 2-nji ukrain frontunyň 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunda gaýduwsyz söweşipdir. Agyr ýaralanandygy zerarly uruşdan gaýdyp gelenden soňra, mugallymçylyk bilen meşgullanypdyr. Türkmen halkynyň şöhratly oglunyň SSSR-iň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1949-njy ýylyň 2-nji martyndaky Ukazy bilen, “Hormat nyşany” ordeni hem-de RF-niň Prezidenti Wladimir Putiniň 2018-nji ýylyň iýunynda gol çeken Permanyna laýyklykda, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda öz esgerlik borjuny ýerine ýetirmekde görkezen şahsy gaýduwsyzlygy, batyrlygy, edermenligi üçin Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — “Edermenligi üçin” diýen medaly bilen sylaglanandygyny bellemek gerek.

2020-nji ýylda Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli Russiýadan Türkmenistana 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagy getirildi, bu baýdak astynda Berdimuhamet Annaýew batyrgaý söweşipdir. Esgerleriň gaýduwsyzlygynyň we deňsiz-taýsyz edermenliginiň aýdyň nyşanyna öwrülen bu gymmatlyk hem-de Berdimuhamet Annaýewe gowşurylan “Edermenligi üçin” diýen medal “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna hemişelik saklamak üçin berildi. Häzirki wagtda bu beýik ynsanyň hem-de halypa mugallymyň, frontçy esgeriň şöhratly durmuş we zähmet ýoly ýaş nesiller üçin watançylygyň, zähmetsöýerligiň, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň nusgasyna öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda Berdimuhamet Annaýewiň agtygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirilýär.

Ogulboldy SULTANMYRADOWA,
Daşoguz şäheriniň 27-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu