
Her bir döwlet öz baýdagy bilen tanalýan bolsa, her bir ýurt hem öz Konstitusiýasy bilen beýleki döwletlerden tapawutlanýandyr. Kabul edilen döwlet Konstitusiýasynda şol halkyň milli dünýägaraýşyna esaslanýan özboluşly aýratynlyklar jemlenýändir Ösüşleri nazarlap, ýeňişli menzilleri bedew bady bilen öňe barýan diýarymyzda hem Konstitusiýamyza uly orun berilýär.
Garaşsyz Türkmenistan 1992-nji ýylda öz Konstitusiýasyny kabul etdi. 2017- nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň birinji böleginiň rejelenen görnüşine girizilen üýtgetmelere laýyklykda, ýurdumyzda her ýylyň 18-nji maýynda ählihalk baýramçylygy bolan Döwlet baýdagynyň gününiň Esasy Kanunymyzyň döredilen güni bilen utgaşykly bellenilip geçilmegi-de aýratyn buýsandyryjydyr. Geçen ýyllarda we edil ýaňy-ýakynda hem kämilleşdirmek maksady bilen ýurduň Konstitusiýasyna döwrüň talabyna laýyk gelýän birnäçe üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.
Konstitusiýa bu — döwletiň, raýatyň esasy hukuklarynyň, borçlarynyň resmi beýanydyr. Has giňişleýin aýdylanda, Konstitusiýa döwletiň jemgyýetçilik we döwlet gurluşyny, häkimiýetiň wekilçilikli edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň döredilmeginiň, işlemeginiň, işiniň üýtgedilmeginiň we bes edilmeginiň tertibini hem-de ýörelgelerini, saýlawlar we sala salşyklar ulgamynyň gurluşyny, raýatlaryň esasy hukuklaryny we borçlaryny, döwletiň häkimiýet şahalarynyň gurluşyny we häkimiýet şahalarynyň edaralarynyň hem-de wezipeli adamlarynyň ygtyýarlyklaryny kesgitleýän ýurduň esasy kanunydyr. Esasy Kanun ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, durmuş, medeni we hukuk binýadyny kesgitleýän, adam hukuklarynyň hemmetaraplaýyn goragyny üpjün edýän we ýokary hukuk güýjüne eýe bolan kadalaşdyryjy hukuk namasydyr.
Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutany wezipesine girişmek dabarasyndaky çykyşynda hem: «Döwletimiziň Konstitusiýasynda raýatlarymyzyň kepillendirilen hukuklaryny goramak meniň esasy borjum bolar» diýip belläp geçdi.
Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasy raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepillendirilmegi bilen birlikde türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolan parahatçylygyň, ösüşiň we abadançylygyň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň täze üstünliklere ýetmegine ýardam etmäge gönükdirilendir.
Dawutmyrat HOJAMGULYÝEW,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.



