
Her bir güni şanly wakalara, uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň dowam edýän arzyly günlerinde wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Şeýle duşuşyklaryň biri ýakynda «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň «Serhetabatşähergaz» hojalyk ülüşinde «Milli miras – terbiýäniň özeni» ady bilen geçirildi.
Bu wagyz-nesihat duşuşygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň tassyklanan ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda, dürli ulgamlarda zähmet çekýän we bilim ojaklarynda bilim alýan ýaşlarymyzyň arasynda türkmen halkynyň milli mirasyny wagyz etmek hem-de ýaşlarymyza milli mirasymyzy dowam etdirmegiň ähmiýetini düşündirmek maksady bilen geçirildi. Duşuşyga TMÝG-niň etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni Tawus Aşyrowa, TDP-niň etrap komitetiniň guramaçysy Esenmyrat Garryýew, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Ýazdurdy Abdyrahmanow, şeýle hem ýaş hünärmenler işjeň gatnaşdylar.
Wagyz-nesihat duşuşygynda milli mirasymyzy sarpalamak, pederlerimiziň durmuş tejribesini ýaşlara ýetirmek, türkmen halkynyň taryhyny, medeni mirasyny ýaýbalandyrmak, şeýle hem terbiýäniň ahlak esaslary dogrusynda giňişleýin söhbet edildi.
Aknur GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Tagtabazar etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.



