
Türkmen halysy özüniň ajaýyp keşbi bilen dünýä bellidir. Ol özüniň reňki, nusgasy, berkligi we mäkämligi bilen tapawutlanýar. Türkmen halky halyny özüniň köp dürli ajaýyp nagyşlarydyr nusgalary bilen örän köp asyrlardan bäri dokap gelýärler.
Türkmen halysynyň her bir inedördül metrinde millionlarça çitim bolup, ol ozüniň berkligi we durnuklugylygy bilen meşhurdyr. Ol goýunyň dürli görnüşdäki ýüňlerinden dokalýar. Türkmen halysy sungatyň ajaýyp öwüşginlerini özünde jemleýän sungat ussatlary – türkmen zenanlarynyň el hünäridir. Türkmen zenanlary özleriniň milliligini teke, ýomut, saryk, çowdur, ärsary haly göllerinde jemlemek bilen, al-ýaşyl öwüsýän baýyrlaryny, ürgün çägeli çöllerini, guba gazly deňizdir derýalarynyň reňklerini onda beýan edipdirler. Dünýäniň her bir halky öýüniň törüni bezeýän türkmen halysyna guwanyp, onuň ajaýyp owadanlygyndan lezzet alýar. Ol her bir öýe mähir, eşret we gelşik berýär.
Ajaýyp hem gaýtalanmaz şekilleri özünde jemleýän türkmen halylaryna seredip, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda şeýle inçe senedi döredendiklerine haýran galýarsyň. Türkmen halyçy gelin-gyzlary hiç hili ölçeg birlikleri bolmazdan anyk çyzgy kadalara boýun egýän we ajaýyplylygy bilen tapawutlanýan dürli halylary döredipdir. Türkmen halylary tutuş dünýäde özüniň gözelligi, berkligi, çeýeligi we ajaýyplylygy bilen tapawutlanýandyr. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem türkmen zenanlarynyň çeper elleriniň, uz barmaklarynyň gudraty bilen döredilen nepis halylarymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen gülleriniň, otlarynyň, daragtlardyr, gyrymsy agaçlarynyň köpüsi diňe belli bir ýere mahsus bolan ösümlikler bolup, şolaryň özi-de haly reňklerine seýrek duş gelýän öwüşgini berýär. Bu ösümliklerden öçmejek boýaglar taýýarlanylýar. Şeýle hem haly göllerine siňe syn edeniňde onda örän baý deňsiz-taýsyz äheňler bardyr. Dünýä we içerki bazarlarda alyjylaryň uly islegine mynasyp bolan el halylarymyzdyr haly önümlerimiz, haly dokamak, keçe güllemek we basmak ýaly beýleki milli amaly-haşam işlerimiz gadymdan gelýän medeni mirasymyzy gorap saklamakda, giňden wagyz etmekde, ýaş nesilleri watançylyk, millilik, belent ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde aýratyn orny eýeleýär.
Gűlnur PYGAMOWA,
Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.



