Žurnalistiň sahypasy

Halkyň parahat durmuşynyň goragçylaryna baky şöhrat!

08-05-2024 / 28

9-njy maý — ähmiýetli we mukaddes baýramlaryň biri. XX asyryň kyrkynjy ýyllarynyň gazaply wakalary taryha çuňňur aralaşýar. Şol wakalary gören adamlar bolsa barha azalyp barýar. Ýöne ýowuz uruş baradaky ýatlamalar unudylmaýar.

Watansöýüjilik, gahrymanlara goýulýan sarpa asyrlaryň dowamynda bolşy ýaly, bu günki gün hem türkmen halkynyň ruhy ýörelgeleriniň biri bolup durýar. Entek baýram günleriniň öňüsyrasynda XX asyryň gazaply uruşlarynyň birinde gaýduwsyzlyk bilen söweşen, mukaddes borjy abraý bilen ýerine ýetirip, mähriban ojaklaryna dolanyp gelen weteranlarymyzy, şeýle hem tylda zähmet çeken zenanlarymyzy hormatlamak dabaralary başlandy. Her ýyl Beýik Ýeňşiň şanyna olara dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. Halk gahrymanlary döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn üns-alada bilen gurşaldy. Weteranlaryň saglygy, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrylmagy bilen bagly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar.

Weteranlar öz Watanyna, ýurduň Prezidentine, parahat durmuşda ýaşaýan hem-de geljekde täze ösüşlere ýetmek üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan ýaş nesle buýsanýarlar. Sebäbi olar häzirki nesliň bagtyýar durmuşy üçin duşmana garşy söweşdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda watandaşlarymyzyň deňi-taýy bolmadyk edermenligini şöhratlandyrmagyň, şol ýowuz synaglaryň gaýtalanmazlygynyň bähbidine ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilikli syýasat uruş weteranlaryna goýulýan iň belent sarpadyr. Biziň gadymy köklerimiz, milli mirasymyz täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň bagtyýar geljegini gurmagyň ygtybarly binýadydyr. Dünýä taryhynda adamzada iň uly heläkçilik getiren Beýik Watançylyk urşunyň gazaply söweşlerine gatnaşan milli gahrymanlar baradaky hakyda we olary sarpalamak ýaly asylly işler jemgyýetimiziň mizemez ýörelgelerine öwrüldi.

Döwlet BATYROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu