Saglyk adamyň ýaşaýşynyň esasy özeni bolup durýar. Adamzat nesli döräli bäri saglyk, sagdyn durmuş ýörelgeleri hemişe üns merkezinde bolupdyr. Hut şonuň üçin-de nesil saglygy baradaky meselelere türkmen halky örän eserdeň garapdyr. Öz köklerini gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan sagdyn durmuş ýörelgelerini kämilleşdirip, biziň günlerimize ýetiren pederlerimizden miras galan kadalar munuň aýdyň güwäsidir. Ene göwresinden başlap, halal we arassa iýmitlenmek çaganyň geljekki durmuşyna öz oňyn täsirini ýetirýär.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ynsan saglygyny berkitmek üçin zerur çäreleriň durmuşa geçirilmegi üçin ähli şertleri döretdi. Muňa seretmezden, saglygy goramak babatynda her bir adamyň öz şahsy jogapkärçiliginiň bardygyny asla unutmak bolmaz. Her bir ynsanyň kesellerden goranmagy, sagdyn ýaşamagy hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini pugta berjaý etmegi arassaçylyk medeniýetiniň ýokarlanmagyna, dürli ýokanç keselleriň, ýaramaz endikleriň öňüniň alynmagyna ýardam edýär. Sagdyn nesliň kemala gelmeginde ulularyň göreldesi, olaryň keselleriň öňüni almaga gönükdirilen degerli maslahatlary, şol sanda arassaçylygyň dogry we doly berjaý edilmegi uly ähmiýete eýe bolup durýar.
Keselleri dörediji mikroblar, bakteriýalar we wiruslar daşky gurşawda durnukly saklanýandygy sebäpli suwda we azyk önümlerinde öz kesel ýaýradyjy häsiýetlerini ýitirmeýärler. Bu bolsa dürli ýokanç keseller bilen kesellemek howpuny salýar. Hut şonuň üçin her bir adam, ylaýta-da, çagalar arassaçylyk düzgünlerini dogry we doly berjaý etmelidirler. Öýleri, otaglary arassa saklamaly, ýygy-ýygydan çygly arassalaýyş işlerini geçirmeli, penjireleri açyp ýeljiretmeli we howasyny çalşyp durmaly, jaýyň, howlynyň daş-töweregini süpürip, zir-zibilleri aýyrmaly. Mundan başga-da, otaglarda üzärligi tütedip, tüssesini daş-töwerege ýaýratmak hem birnäçe ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni alýar.
Günüň dowamynda, ylaýta-da, çagalar, ilki bilen, öýde, ýolda, ulagda tutawaçlary tutýarlar, meýdançalarda oýnaýarlar. Bu ýagdaýlar bolsa ellerimizde göze görünmeýän keselleri dörediji mikroblary köp mukdarda galdyrýar. Şol sebäpden daşardan gelen soň, hökmany suratda eller ýuwulmaly.
Azyk önümlerini ak bazarlardan, söwda merkezlerinden satyn alynmalydygyny ýatladýarys we olaryň daşky görnüşine, terligine, hiline, ýaramlylyk möhletine, ýokumlylygyna üns berilmelidir. Satyn alnan azyk önümleri sowadyjyda saklamak zerurdyr. Şeýle-de arassa agyz suwuny ýa-da sowadylan gaýnan suwy ulanmalydyr. Iýilýän gök önümler, miweler, gök otlary iýilmezden ozal, gowy edip akar suwuň aşagynda ýuwmaly.
Aşhanada tagamlar taýýarlanylanda öý bikeleri aýratyn ünsli bolmaly. Azyk önümleri, gap-gaç saklanylýan we nahar bişirilýän ýerler arassa bolmalydyr.
Ýatda saklaň! Arassaçylyk saglygyň girewidir. Ony dogry we doly berjaý etmek saglygymyzy goradygymyzdyr. Saglyk bolsa altyndan gymmatly baş baýlygymyzdyr.
Agajan AKYÝEW,
Türkmenabat şäheriniň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň jemagat gigiýena bölümçesiniň sanitar lukmany.