Žurnalistiň sahypasy

Öňegidişlikleriň hereketlendiriji güýji

07-05-2024 / 25

Ýaş nesliň sagdyn bedenli, kämil bilimli, çuňňur watansöýüji bolup ýetişmegi ugrunda bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän çäreler täze taryhy eýýamda many-mazmun hem-de çemeleşime taýdan örän netijeli häsiýete eýe bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem bu ugurda döwrüň talabyndan ugur alnyp, giň möçberli, köpugurly işler ýola goýulýar.

Bilim arkaly beýik geljegiň gurulýandygyna Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynda aýratyn ünsi çekýär. Täze neşirde: «Milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň, maddy enjamlaýyn binýadynyň berkidilmeginiň ýaşlaryň bagtyýar durmuşy bilen berk baglanyşyklydygyny hiç wagt ýatdan çykarmaly däldiris. Çünki iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ak mekdeplerde ýaş nesiller bilim öwrenýärler, kämillik ýoluny geçýärler» diýlip, örän jaýdar bellenilýär.

Ata Watanymyzda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, bilim ulgamynda baý tejribe toplanyldy. Iň täze kompýuterler, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalary, çagalar baglary we çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri yzygiderli gurulýar. Halkara guramalar, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen ýokary derejeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, daşary ýurt dillerini okatmagyň kämilleşdirilmegi milli bilim ulgamynyň ösüşine aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Täze taryhy eýýamda ylym-bilime ösüşiň, özgertmeleriň, öňegidişlikleriň hereketlendiriji güýji hökmünde baha berilýär. Ýurdumyzda bu ulgamyň döwrebaplaşdyrylmagy, ösdürilmegi ugrunda aýratyn aladalar edilýär. Şeýle işlere döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde üns berýän hormatly Prezidentimiziň, her bir ýaş raýatymyzy aýratyn mähir hem alada bilen gurşap alan Milli Liderimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent maksatly tutumlary hemişe rowaç bolsun!

Begenç SÄHETMYRADOW,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu