
Mälim bolşy ýaly, Änew şäheri — 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty». Bu çözgüt geçen ýylyň 5-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisinde kabul edildi.
Gadymy Änew şäheriniň Türki dünýäniň medeni paýtagty hökmünde saýlanylmagynyň aňyrsynda uly many bar. Sebäbi bu ýerde taryhyň ýaňyny görüp, duýup bolýar. Çünki Änew taryh üçinem, şu günümiz we geljegimiz üçinem täsin bir älemdir. Belent-belent depeleriň, beýikli-pesli baýyrlaryň astynda taryhyň müňlerçe ýyllary henizem basyrylyp ýatyr. Alymlar bu topragyň her daban ýeriniň taryhdygyny, gymmatly tapyndylara baýdygyny biragyzdan tassyklaýarlar. Hut şu toprakdan tapylan bugdaý däneleri Türkmenistany ak bugdaýyň Watany hökmünde dünýä tanatdy. Şundan ugur alsak, adamzat ýaşaýşy üçin iň zerur iýmit Änew topragynda ýetişdirilip, ilkinji oturymly ýaşaýyş, ilkinji suwarymly ekerançylyk, ilkinji hojalyklar we jemgyýetler, ilkinji medeniýetler şu ýerde peýda bolup başlapdyr. Şeýle-de bu ýerdäki Seýit Jemaleddiniň ýadygärlikler toplumy hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat eden «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby bu gadymy medeniýeti çuňňur öwrenmekde gymmatly gollanmadyr. Döwlet Baştutanymyzyň dünýä siwilizasiýasynyň ösüşlerine uly goşant goşan halkymyzyň müňýyllyklara uzap gidýän taryhyna täzeçil garaýyşlaryny aýdyň şöhlelendirýän eseri ruhy gymmatlygyň egsilmez çeşmesidir.
Esasy nygtamaly zat, Änew şäheri diňe taryhy bilen däl, şu günki ajaýyp keşbi bilenem hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan pähim-paýhasly başlangyçlary netijesinde Änew şäheri ýurdumyzyň iň ýokary depginli ösýän we günsaýyn özgerýän merkezleriniň birine öwrüldi. Häzirki zaman Änew şäheri özboluşly binagärlik keşbi bilen haýran galdyrýar. Ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, kottej toplumlary, giň köçeleri, durmuş maksatly dürli desgalar, mahlasy, bu ýerde döwrebap ýaşaýşyň ýokary derejesine laýyk gelýän ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr. Şeýlelikde, taryhy görnüş bilen döwrebap keşbiň sazlaşygyny göresi gelýänler Änew şäherine syýahat edip bilýärler.
Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi şöhratly türkmen taryhyny, gadymy medeni ojaklarymyzy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan üstünliklerimizi dünýä tanatmaga, giňden wagyz etmäge mümkinçilik berýär.
Baýrammyrat BERDIÝEW,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.



