
Häzirki wagtda ýurdumyzda giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, ata Watanymyzyň ähli sebitleri durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürilýär. Paýtagtymyz bilen birlikde, welaýatlaryň şäherleriniň we obalarynyň düzümi döwrebaplaşdyrylýar, ähli ýerlerde ösen tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bularyň ählisi Türkmenistanda durmuş ugurly syýasatyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir. «Döwlet adam üçindir!», «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlar şol syýasatyň esasy ýörelgesidir.
Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde emele gelen Arkadag şäheri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, döredijiligiň, ösüşiň ýoly bilen barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ynamly ädimlerini alamatlandyrýar. Bu ýerde ilatyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy üçin zerur şertleriň döredilmegi esasy ýörelge bolup durýar. Bu innowasion taslamany amala aşyrmakda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ölçegleri öz beýanyny tapýar. Şol maksatnamada dünýäniň hem-de ýurdumyzyň öňdebaryjy tejribesini işjeň ulanmaga, täsin we özboluşly binagärlik hem-de inžener-tehniki çözgütlere, milli binagärligiň iň gowy däplerine aýratyn üns berilýär. Şonuň bilen birlikde, adamlaryň abadançylygynyň we sagdynlygynyň möhüm şerti hökmünde ekologik ugur wajyp talap bolup durýar.
Täze şäheri synlanyňda, göwnüň galkynýar. Halkyň we Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin görnükli şahsyýetlerimiziň atlaryny ebedileşdirmek maksady bilen, bu ýerdäki ulanylmaga berlen möhüm iri desgalara şahsyýetleriň atlarynyň dakylmagy bolsa eziz halkymyzy buýsandyran, guwandyran esasy wakalaryň biridir. Halkara atçylyk akademiýasyna meşhur seýis, ussat atşynas, şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň, mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine zähmetsöýer we zehinli mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň, lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine tanymal şahsyýet, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Saçly Dursunowanyň, atçylyk sirkine batyrlygyň, mertligiň nusgasy hökmünde taryha giren Göroglynyň, şäheriň kitaphanasyna türkmen halkynyň nusgawy akyldar şahyrynyň pederi, nesillere ahlak gözelliginiň kämil nusgasyny miras galdyran Döwletmämmet Azadynyň, drama teatryna türkmen teatr sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri, meşhur artist, režissýor hem dramaturg, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Aman Gulmämmedowyň, täze şäheriň ýörite sungat mekdebine Sahy Jepbarowyň, çagalar sungat mekdebine hem Şükür bagşynyň atlarynyň dakylmagy ýurdumyzda halypalara goýulýan belent sarpadan nyşandyr.
Täze şäherde taryhda öçmejek yz goýan belli şahsyýetlerimiziň atlaryny ebedileşdirmek boýunça alnyp barlan bu işler ýaş nesillerimizi geçmişimize guwanmak, taryhymyza buýsanmak duýgusynda, ynsanperwerlik we watançylyk ruhunda terbiýelemäge ýardam eder.
Arkadag şäherinde ýaşamak, zähmet çekmek bagtyna eýe bolan raýatlar, işgärler, şeýle uly bagty peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlaryny aýdýarlar. Halal zähmet çekmäge döredilýän giň mümkinçilikler, şertler bagtyýar halkymyzy ruhlandyryp, işe bolan höwesini has-da artdyrýar.
Rejep ALMAZOW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň mugallymy, podpolkownik.



