Žurnalistiň sahypasy

Watanperwerligiň belent nusgasy

06-05-2024 / 23

Dünýe döräli bäri, adamzat ençeme uruşlary başdan geçirip, olaryň pidalaryna, agyr netijelerine sezewar boldy. Taryhda «Ikinji jahan urşy» diýlip atlandyrylan, XX asyryň birinji ýarymynyň ahyrlarynda bolup geçen uruş hem adamzadyň ýüzbe-ýüz bolan iň ýowuz, iň elhenç jeňleriniň biridi.

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňşiň gazanylmagyna türkmen halky hem mynasyp goşant goşdy. Müňlerçe watandaşymyz beýleki doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, ýowuz duşmana berk gaýtawul bermekde, azatlygy, baky erkinligi, mukaddes topragy goramakda mertligiň, gahrymançylygyň beýik göreldesini görkezdi. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Watansöýüjilik, ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk, edermenlik türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli aýratynlyklaryna hem-de durmuş kadasyna öwrülen nusgalyk ýörelgeler bolup, olar dünýä taryhyna örän pajygaly, gandöküşikli, jebir-jepaly döwür hökmünde ebedi ýazylan 1941 — 1945-nji ýyllarda has-da aýdyň ýüze çykdy» diýip belleýär.

Watandaşlarymyzyň köp sanlysy şol ýyllarda söweş meýdanlarynda görkezen edermenligi, gaýduwsyzlygy üçin orden-medallar bilen sylaglandy. Olaryň 100-den gowragy bolsa Gahryman diýen belent ada mynasyp boldy. Watan, nesilleriň bagtyýarlygy, ýagty geljek üçin şirin janyny gaýgyrman söweşen merdana pederlerimiziň şöhraty baradaky ýatlamalar baky ýaşaýar. Olaryň atlary «Hatyra» hem-de «Şöhrat» atly ýörite neşirlerde ebedileşdirildi. Bu kitaplarda türkmenistanlylaryň Beýik Watançylyk urşunda görkezen gahrymançylygy, edermenligi baradaky maglumatlar beýan edilýär.

Biziň gadymy köklerimiz, milli mirasymyz täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň bagtyýar geljegini gurmagyň ygtybarly binýadydyr. Dünýä taryhynda adamzada iň uly ýitgi getiren Beýik Watançylyk urşunyň gazaply söweşlerine gatnaşan milli gahrymanlar baradaky hakyda we olary sarpalamak ýaly asylly işler jemgyýetimiziň mizemez ýörelgelerine öwrüldi. Merdana pederlerimiziň deňsiz-taýsyz edermenligine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

Züleýha ŞADYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu