Žurnalistiň sahypasy

Watançylyk duýgymyzy artdyrýan mukaddeslikler

07-05-2024 / 27

Esasy Kanunymyz — Türkmenistanyň Konstitusiýasy hem-de ýaşyl Tugumyz türkmen halkynyň şanly geçmişini, häzirki bagtyýar döwrüni hem-de nurana geljegini aýdyň beýan edýän milli gymmatlyklarymyzdyr. Şeýle-de bu goşa mukaddeslik halkymyzyň agzybirliginiň, dünýä dolan şan-şöhratynyň beýanydyr.

Essay Kanunymyz adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýär. Şundan ugur alnyp hem hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň rowana ak ýollaryndan röwşen geljegine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzda her bir raýatyň azatlyklary hem-de hukuklary pugta goralýar. Sebäbi Konstitusiýamyz biziň abadan, eşretli durmuşda ýaşamagymyzyň, yhlasly hem-de döredijilikli zähmet çekmegimiziň, okamagymyzyň hem-de mynasyp dynç almagymyzyň mizemez hukuk binýady bolup durýar.

Ýurdumyzyň halkara abraýyny belende göterýän il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik tutumlaryň, öňe sürülýän oýlanyşykly başlangyçlaryň, ilkinji nobatda, Esasy Kanunymyzdan gözbaş alýandygyny aýratyn nygtamak gerek. Özgerişleriň, ösüşleriň durmuşymyzyň ähli ugurlaryny gurşap alýan häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa Esasy Kanunymyz täze tutumlara ýol açýar.

Ajaýyp haly gölli, Aý-ýyldyzly, zeýtun baldajykly, ýaşyl reňkli milli Tugumyz buýsançly pasyrdap, türkmen halkynyň baky bagtyny, nurana durmuşyny äleme äşgär edýär. Bu gün Esasy Kanunymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň esasynda Döwlet baýdagyny belentde parladyp, bagtyýar halkymyz ata Watanymyzyň — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň geljege nur çaýýan iň täze taryhyny döredýär. Amala aşyrylýan döwletli tutumlar, ägirt uly taslamalar diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň hem ykbalyna oňyn täsir edýär.

Annagül TOÝLYÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 18-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu