
Gurmak, döretmek ata-babalarymyzdan gelýän döwletli ýol-ýörelgelerimizdir. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň dabaraly ýagdaýda açylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen şeýle sogaply işleriň, asylly ýol-ýörelgelerimiziň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Mälim bolşy ýaly, uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berlipdi. Garagum sährasynyň çäginden geçýän bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyry bolan Aşgabat — Tejen bölegi 2021-nji ýylyň oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ulanmaga berildi.
Ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda ata Watanymyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary netijeli häsiýete eýedir. Şunda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy Türkmenistandaky iň iri ulag taslamalarynyň biridir. Onuň durmuşa geçirilmegi üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün eder. Ýeri gelende bellesek, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluna düzümleýin ýol-ulag desgalaryny güwänamalaşdyrmak işine ýöriteleşen abraýly halkara düzümleriň güwänamalarynyň gowşurylmagy bu taslamanyň halkara ülňülerine doly laýyk gelýändigini alamatlandyrýar.
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça başy başlanan giň gerimli özgertmeler täze taryhy döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň netijeli ulanylmagyny, ýurdumyzyň halkara ähmiýetli ulag çatrygy hökmünde ornunyň pugtalandyrylmagyny şertlendirýär. Döwrümizi beýgeldýän, Watanymyz, halkymyz üçin bähbitli bolan döwletli işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Ogulşat SETDAROWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.



