Žurnalistiň sahypasy

Ynsanperwerligiň belent nusgasy

07-05-2024 / 21

Watanymyzda zerur saglygy goraýyş goldawlaryna mätäç ýaş nesliň wekilleriniň Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlarynyň netijesinde döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy üçin ähli şertleriň bardygy, onuň kömek isleýänlere hemişe ýardam goluny uzatmaga taýýardygy ildeşlerimizi çäksiz buýsandyrýar, guwandyrýar. Bu geljegimiz bolan ýaş nesilleriň akyl, beden we ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek ugrunda ähli tagallalaryň edilýändigine güwä geçýär.

Mälim bolşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldamagynda kömege mätäç çagalara ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýänleriň bejergileri, lukmançylyk maksatly serişdeleri satyn almak üçin pul serişdeleri yzygiderli bölünip berilýär. Gaznanyň goldawy bilen birnäçe döwletlere ynsanperwerlik kömekleri berildi. Şunuň bilen baglylykda, gaznanyň adyna daşary ýurtlardan, şeýle hem BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasyndan hoşallyk hatlary gelip gowuşdy. Şol hatlarda döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda bu düzümiň ähmiýetli orny nygtalýar.

Alym Arkadagymyzyň gaznanyň serişdeleriniň hasabyna bejergi alyp, saglygyny dikeldýän çagalardan habar tutmagy, olar bilen gürrüňdeş bolmagy, hal-ýagdaýlary, bejerişiň berýän netijeleri barada gyzyklanmagy mähribanlygyň, howandarlygyň belent nusgasydyr. Bu ýagdaý çagalaryň tiz gutulmagyna ruhy goldaw bolýar.

Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna operasiýa geçirilip, saglyklary dikeldilen, häzirki wagtda öz deň-duşlarynyň arasynda, sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşaýan çagalaryň, olaryň ene-atalarynyň hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize alkyşlary egsilmeýär. Jemgyýetimizde şeýle ynsanperwer işleri dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Jeren TALIMOWA,
Halaç etrabynyň 7-nji çagalar bagynyň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu