
Mälim bolşy ýaly, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, bedenterbiýäniň we sportuň wagyz edilmegi jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbidine ýaşlaryň mümkinçiliklerini has doly derejede durmuşa geçirmäge gönükdirilen ýaşlar syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şol sebäpli sport halkara gatnaşyklarynda hem möhüm ugur hasaplanylýar. Munuň özi sport diplomatiýasynyň has-da ösüşlere beslenmegini şertlendirýär.
Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 3-nji iýunyň “Bütindünýä welosiped güni” diýlip yglan edilmegi, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň sporty ösdürmekdäki, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ilerletmekdäki üstünlikleriniň halkara bileleşigiň ýokary bahasyna eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy ýurdumyzyň sport diplomatiýasynyň ýene-de bir ajaýyp üstünligi boldy. Mälim bolşy ýaly, bu komitet sportuň ornuny giňeltmek we ony döwlet syýasatynyň düzümine girizmek maksady bilen, 1978-nji ýylda döredildi.
2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamagyň çäklerinde türgenlerimiz sportuň 9 görnüşi boýunça GDA döwletlerinde, Türkiýede, Polşada, Litwada, Kuweýtde, Birleşen Arap Emirliklerinde, Gruziýada, Bosniýa we Gersegowinada, Ýaponiýada geçirilen halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna gatnaşdylar. Türgenlerimiziň halkara ýaryşlarda gazanýan ýeňişleri we üstünlikleri Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyzyň dünýä derejesindäki sport döwleti hökmünde abraýynyň has-da belende galmagyny şertlendirýär.
Dört yklymdan — Aziýanyň, Afrikanyň, Ýewropanyň, Günorta we Demirgazyk Amerikanyň 45 döwletinden 181 türgeniň gatnaşmagynda 23 — 28-nji noýabrda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde geçirilen Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionaty ýurdumyzyň we dünýäniň sport taryhynda geçen ýylyň möhüm ähmiýetli wakasy boldy.
Käbir anyk resmi maglumatlara salgylansak, geçen 2023-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary jemi 423 sport çäresine, şol sanda 192 sany halkara ýaryşa gatnaşyp, 812 medal (232 altyn, 237 kümüş we 343 bürünç) gazandylar. 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, bu görkeziji 199 göterim ýokarydyr. Munuň özi sportuň, sport diplomatiýasynyň barha rowaçlanýandygyny görkezýär.
Bereket ÖWEZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.



