Žurnalistiň sahypasy

Magtymguly we halk diplomatiýasy

05-05-2024 / 25

Mälim bolşy ýaly, halk diplomatiýasy, munuň özi diplomatiýanyň gadymdan gelýän görnüşi bolup, ol halkara we döwletara gatnaşyklary alyp barmakda halklaryň taryhy hem-de medeni umumylyklaryna, birek-birek bilen galtaşýan umumy nokatlaryna daýanýar. Magtymguly Pyragy hem öz şygyrlarynyň üsti bilen halklaryň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmäge çalşypdyr, agzybirlikde we parahatçylykda ýaşamagyň eşretlerini wasp edipdir, ynsanperwerlige ygrarly, birmeňzeş ruhy gymmatlyklara sarpa goýmagy gazanmakda yhlas edipdir.

Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik we durmuş ýoly, pelsepewi garaýyşlary, pähim-paýhasy her bir okyjynyň aňynda öçmejek täsir galdyrýar. Akyldar şahyr döredijiligi bilen diňe dünýä söz sungatyna gymmatly miras galdyrman, eýsem, şygyrlarynyň üsti bilen öz döwrüniň adamlaryna dünýäniň gurluşy, ýurtlar we halklar, olaryň aýratynlyklary, uly şäherler, söz ussatlary, halk döredijiligi baradaky maglumatlary ýetirýär, halklaryň arasynda gaýybana tanyşlygy ýola goýýar.

Halk diplomatiýasy adamzat taryhynyň ilkinji döwürlerinden başlap, halklaryň arasyndaky taryhy, medeni, dini, garyndaşlyk, tanyşlyk ýaly umumylyklary dogry peýdalanmagyň netijesinde, özara «dil tapyşmaga» ýardam beripdir. Halk diplomatiýasy halkara hyzmatdaşlygy alyp barmakda «ýumşak güýjüň» guraly hökmünde häsiýetlendirilýär. Şahyryň şygyrlaryndaky ynsanperwerlige, agzybirlige, ahlaklylyga, wepalylyga, watansöýüjilige çagyryşlar bolsa adamlarda adamzat gatnaşyklaryndaky gymmatlyklar barada sagdyn pikiri we dünýägaraýşy kemala getirýär, munuň özi halklaryň arasynda halk diplomatiýasyny alyp barmakda peýdalanylypdyr.

Häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň aňyýet kämilliginiň kemala gelmeginde hem söz ussadynyň döredijiliginde öňe sürülýän gymmatly ideýalar öz beýanyny tapýar. «Türkmeniň» we «Türkmen binasy» atly goşgularynda bolsa şahyryň bu ugurdaky pikirleri has belent derejä çykýar. Magtymguly atamyz:

Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň —

diýen setirlerinde agzybirligiň islendik milletiň bitewüligi üçin zerur şertleriň biridigine ünsi çekse, «Türkmen binasy» goşgusyndaky: «Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, ahal ili bir bolup,//Kylsa bir jaýga ýöriş, açylar gül-lälesi» diýen ajaýyp setirler bilen öz pikirini has-da berkidýär.

Üç asyr mundan ozal türkmen topragynda berkarar döwleti gurmaga çagyryş bilen çykyş eden Magtymguly Pyragynyň arzuw-islegleri özbaşdaklygymyzyň, Garaşsyzlygymyzyň gazanylmagy netijesinde hasyl boldy. Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda döwletliligimiziň, Garaşsyzlygymyzyň binýady bu günki gün has-da pugtalandyrylýar.

Senemgül ALLAKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu