Žurnalistiň sahypasy

«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» — bagtyýar nesilleriň ýankitaby

04-05-2024 / 36

Döwrüň döwürden, ýylyň bolsa ýyldan tapawudy bar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan bu ajaýyp ýylymyzyň başlanmagynyň öňüsyrasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň halkymyza gowuşmagy täze başlangyçlardan, üstünliklerden nyşandyr.

Ýurdumyzda ýaş nesillere aýratyn ähmiýet berilýär. Nesil — goja biliň kuwwaty, argyn dyzyň daýanjy, gözleriň guwanjy hasaplanýar. Ol döwletliligiň nyşany, döwletiň hem diregidir. Nesil milletiň üznüksizliginiň, jebisliginiň alamatydyr.

Watan söýgüsini ýüreginde saklaýan, ilini-gününi-söýüp sylaýan her bir raýat bu döwletiň neslidigine juda buýsanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji eserini ýaş nesillere bagyşlap döretmegi adaty bir waka däl, gojaman bir daragtyň çar ýana saýa salyp durşy, berk köküni toprak bilen birleşdirip, şahalaryndaky bal ýaly datly miwelerine buýsanyp, saldamly başyny belentde tutuşy bilen bu görnüşiň arasynda meňzeşlik ýokmy eýsem?!

Adyndan belli bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu kitabynda ýaş nesliň Watanyň diregi, daýanjy bolup durýandygyny, eziz Diýarymyzyň geljeginiň ösüp gelýän ýaş nesillere baglydygyny çuňňur many-mazmuna ýugrup beýan edýär. Kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň ýerleşdirilmegi baý many-mazmunly bu kitap ähli ýaşdaky watandaşlarymyzda-da uly gyzyklanma döredýär. Kitapda görkezilen ugurlaryň usulyýet hökmünde gymmatly gollanma bojakdygy her birimize mälimdir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň ähli pudagynda bilim alýan, zähmet çekýän ýaş nesilleriň atlaryny olaryň gazanan üstünlikleri bilen birlikde birin-birin bu kitabyň sahypalarynda orun beripdir. Sebäbi her bir ynsanyň gazanan kiçijik bir üstünligi, ýeňşi Watanyň ösüşine öz goşandyny goşýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň atlaryny taryha, ýagny gymmatly kitaba ýerleşdirmegi ýüregi buýsançdan, guwançdan doly her bir ýaş nesliň kalbyny joşdurýar. Kitabyň ilkinji sahypalaryndaky Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: “Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýen ajaýyp sözleri her bir ýaş nesliň kalbynyň aýdymyna öwrüldi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň has hem ösdürilmegi, onuň geriminiň giňeldilmegi üçin möhüm işler alnyp barylýar. 2023-nji ýylyň 16 — 18-nji noýabrynda ýurdumyzyň Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forum geçirildi. Şeýle hem «Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi işläp taýýarlanyldy. Şonuň bilen birlikde «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu alnyp barylýan işleriň ählisi ýurdumyzda ýaş nesillere aýratyn üns berilýändigine ýene bir gezek şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny has-da dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmakda alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Şirin AKMURADOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu