Žurnalistiň sahypasy

Ylym-bilim — halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

04-05-2024 / 18

Ylym-bilim bagta sary barýan ýollaryň çelgisidir, röwşen şuglasydyr. Hut şonuň üçinem bilime, ylma teşne kalbymyzdaky arzuwlarymyzy amala aşyrmak üçin ýurdumyzda ähli şertler bar. Bu günki günde ylym-bilim ulgamy döwletimiziň diňe bir içeri syýasatynda däl-de, eýsem, daşary syýasy gatnaşyklarynda hem iň bir ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenildi. 

Ýurdumyzda bilim ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak, ony dünýä giňişligine çykarmak üçin yzygiderli we maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen bilelikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Medeni miras: geçmişden geljege”, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” atly ÝUNESKO kafedralaryny döretmek hakynda Ylalaşyklara gol çekilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Bu kafedralar adaty kafedralar däl-de, eýsem, giň möçberli halkara okuw-barlag merkezleri bolup, olarda bilim bermek işi mazmuny we görnüşi boýunça ýokary okuw mekdepleriniň adaty işinden tapawutlanýar. Şunda degişli bölümler ýokary bilimi, ylmy ösdürmäge degişli meseleleriň tutuş toplumy boýunça tejribe, bilim we maglumat alyşmakda uly orny eýelär.

Hyzmatdaşlygyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň we ýokary okuw mekdepleriniň bilelikde gatnaşmagynda ýurdumyzyň bilim ojaklarynda “Parahatçylygyň dilleri”, “Parahatçylygyň medeniýeti” we “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” atly ÝUNESKO klublarynyň açylandygyny bellemek gerek. Mundan başga-da, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Dermanlyk ösümliklerimiz — saglygymyz, mirasymyz”, Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri” atly ÝUNESKO klublary döredildi.

Ýeri gelende bellesek, Diýarymyzyň bilim ojaklarynyň 8-si “UI GreenMetric” agentligi tarapyndan 2023-nji ýyl üçin işlenip taýýarlanan dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girizildi. Bu sanaw ýokary okuw mekdepleriniň ekologik desgalarynyň kämilleşdirilişine, olaryň daşky gurşawy goramak ulgamynda durnukly ösüşe goşandyna laýyklykda taýýarlanylýar. Şeýle-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 9-sy Halkara uniwersitetler birleşiginiň işjeň agzasy bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyzyň giň gerimli bilim syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglylykda, beýleki ugurlarda-da halkara hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Ýurdumyzyň we birnäçe daşary ýurtlaryň bilim edaralarynyň arasynda okuw maslahatlaryny, okuw-usulyýet sapaklaryny, leksiýalary we beýleki bilelikdäki çäreleri guramak asylly däbe öwrüldi.

Häzirki döwürde täze tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň täze nesli kemala getirilýär. Ähli babatda medeniýetli nesiller hökmünde kemala gelip, jemgyýetimiziň ösmegine mynasyp goşantlarymyzy goşmak we Watanymyzyň, bagtyýar halkymyzyň hatyrasyna zähmet çekmek  biziň üçin uly bagt hem perzentlik parzydyr.

Enejan MAMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu