
Ýaş nesli milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetimiziň we döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin binýatlaýyn esas hökmünde garalýan milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bilimiň we okatmagyň ýokary ösüş derejesi, ylmy-tehniki gazanylanlaryň ornaşdyrylmagy bilen şertlenen ýurdumyzyň özgertmeler ýoly bilen okgunly öňe barýan zamanasydyr. Soňky ýyllarda Türkmenistanda iň täze kompýuter tehnologiýalary we multimediýa ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap bilim edaralarynyň giň düzümi emele getirildi.
Ata Watanymyzda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, bilim ulgamynda baý tejribe toplanyldy. Häzirki zaman täze kompýuterler, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalary, çagalar baglary we çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri yzygiderli gurulýar. Her ýyl birinji synp okuwçylarynyň ählisine «Bilimli» atly kompýuterler sowgat berilýär. Munuň özi döwletimizde körpe nesliň mynasyp terbiýelenmegi we sazlaşykly ösmegi ugrunda edilýän aladanyň ýene bir aýdyň mysalydyr.
Halkara guramalar, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen ýokary derejeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy milli bilim ulgamynyň ösüşine aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 6-sy ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna girizildi. Daşary ýurtly hünärmenler bilen okuw maslahatlaryny, okuw-usulyýet sapaklaryny, leksiýalary we beýleki bilelikdäki çäreleri guramak bolsa asylly däbe öwrüldi.
Ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende göterýän, halkymyzyň abadan durmuşyny gülledýän beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyp, janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Biz özümiz hakyndaky ählitaraplaýyn aladalardan, belent ynamdan ruhlanyp, ylymlarymyzy we bilimlerimizi ilimiziň baky bagtyýarlygyna, Watanymyzyň beýik geljegine, dünýädäki abraý-mertebämiziň has-da belende galmagyna bagyş ederis.
Amankuly ATAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.



