Žurnalistiň sahypasy

Sport diplomatiýasy: dostluk, ynanyşmak, sagdynlyk

05-05-2024 / 26

Sport saglygy berkitmegiň, beden hem ruhy taýdan öz-özüňi kämilleşdirmegiň ýoludyr. Şu ýylyň 7-nji aprelinde ýurdumyzda milli senenamamyzda orun alan Bütindünýä saglyk gününiň uly dabaralara beslenmegi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçirilmegi watandaşlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygynyň güwäsidir. Bu sport baýramçylygy bilen utgaşyklykda ýurdumyzyň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, dürli medallary gazanan türgenlerini sylaglamak dabarasynyň geçirilendigini hem bellemek gerek.

Ýurdumyzyň bedenterbiýe we sporty ösdürmek, saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatdaky oňyn tejribesi dünýä bileleşiginiň, iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň giň ykrarnamasyna eýe boldy. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi, geçen ýylda bolsa Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy ýurdumyzyň sporty ösdürmekdäki, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ilerletmekdäki üstünlikleriniň halkara bileleşigiň ýokary bahasyna eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr. Hut ýaňy-ýakynda bolsa Aşgabatda dünýäniň 10 döwletinden meşhur toparlaryň gatnaşmagynda hokeý boýunça halkara ýaryşy üstünlikli geçirilip, biziň türgenlerimiz ýaryşyň çempiony bolmagy başardy.

Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, saglygy goraýyş ulgamyny barha kämilleşdirmek babatda ähli döwrebap şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Kemal DÖWLETÝAROW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu