
Döwletimiz tarapyndan halkyň, şol sanda, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşini ýola goýmak hem-de saglygyny goramak we berkitmek ugrunda yzygiderli alada edilýär. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi esasynda milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin belent maksatlar we wezipeler goýulýar.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyndaky işler Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň badalga almagy bilen uly ösüşleriň ýoluna düşdi. Şoňa laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işler durmuşa geçirildi. «Ene mähri», gaýragoýulmasyz «Tiz kömek» merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar guruldy. Çünki sagdyn bolmak diňe bir adamyň hukuklarynyň biri bolman, eýsem, döwletiň esasy baýlygydyr, durnukly ösüşiniň zerur şertidir. Zähmete ukyply ilatyň saglygy Watanymyzyň şu gününi, çagalaryň saglygy bolsa onuň geljekki ösüşini üpjün edýär.
Keselleri anyklamak, bejermek, öňüni almak boýunça öňdebaryjy usullary we innowasion tejribeleri işe ornaşdyrmakda, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, elýeterli hem-de ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny üpjün etmek babatda oňdebaryjy netijeler gazanyldy. Şunuň bilen baglylykda, ilatyň saglyk ýagdaýy has-da gowulanyp, adam ömrüniň ortaça dowamlylygy artdy. Ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, milli saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny kämilleşdirmek işleri hem üstünlikli dowam etdirilýär. Toplumlaýyn we sazlaşykly esasda durmuşa geçirilýän şeýle uly işler nesil sagdynlygyny üpjün etmekde aýratyn uly ähmiýete eýedir.
Nesil saglygyny goramak baradaky tagallalaryň gerimi örän giň. Ýurdumyzyň raýatlaryna dürli kesellere garşy döwlet tarapyndan muzdsuz derman serişdeleriniň berilmegi, olaryň öz wagtynda üpjün edilmegi bu ugurdaky işleriň bir ugrudyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesillerimiz saglygy goraýyş hyzmatlary bilen hemmetaraplaýyn gurşalyp alynýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Watan geljegi bolan ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim almagy, olaryň watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegi ugrunda durmuşa geçirilýän işler barha ilerleýär. Badalga berýän we durmuşa geçirýän şu we ähli beýik işleri üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Enejan HUDAÝGULYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň assistenti.



