Žurnalistiň sahypasy

Ýüpegiň uçly bolsun!

30-04-2024 / 20

Bu gün türkmen bazarlaryndaky nepis haly, ýüň-ýüpek önümlerini görmäge göz, waspyny ýetirmäge söz gerek. Biri-birinden owadan öýmelere, gyňaçlara, köýneklik matalara, atlazlara, ýüpek ketenilere gözüň düşende, Diýarymyzda dokmaçylygyň günsaýyn ösýändigine has-da göz ýetirýärsiň. Ýüpek fabriginde öndürilýän ýüpek halylar, sowgatlyk önümler, dürli ýüpek matalar daşary ýurtlaryň harydyny küýsederli däl. Bu zatlary aýtmak bilen, öndürilýän şeýle ajaýyplyklaryň çig maly bolan ýüpegi berýän, göwnüne ýetibilseň girdejisiniň berekedi egsilmeýän ýüpek gurçugy barada söhbet açmakçy bolýarys.

Ýüpek gurçugy örän ynjyk jandar. Ýüpek gurçugyny idetmek möwsümi bir aý gowrak wagt dowam edýän hem bolsa erjelliligi, çalasynlygy, ussatlygy talap edýär. Ýylyň gelşine görä, mart aýynyň aýagynda — aprel aýynyň birinji ýarymynda ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsümi gyzgalaňly başlanýar.

Ýüpek gurçugynyň esasy iýmiti tut agajynyň ýapragy. Olary her 2-2,5 sagatdan iýmläp durmaly. Ýüpek gurçugy ilkibaşda kiçijik garaja nokatlara meňzäp, känbir janlydygam bildirmeýär. Emma tut agajynyň owunjak edilip gyrkylan ýapraklaryny üstüne sepeläp, iýmläp başlanyňda, olar herekete gelýär we her iýmläniňden soňra göz-görtele öz keşbini üýtgetmäge başlaýar.

Ýüpek gurçuklarynyň watany Hytaý ýurdy hasaplanylýar. Onuň biziň ýurdumyza getirilmegi bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlar hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp kitaplarynda giňden beýan edilýär. Ol eserde ýaş gelniň gurçuk tohumyny gizlin ýagdaýda kellesindäki börügiň içine salyp getirendigi, şol gelniň adamsyna, gelen ojagyna wepalylygy bilen, ýüpek gurçugynyň biziň ýurdumyza getirilip, ondan emele gelýän ýüpegiň türkmen zenanlarynyň elinde gaýtalanmajak sungat eserine öwrülendigi barada gürrüň berilýär.

Aýgül ŞANEPESOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň Et-süýt önümlerini gaýtadan işlemek hünäriniñ 302-nji toparçasynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu