Žurnalistiň sahypasy

Owadanlygynyň, gözelligiň we gaýtalanmajak okgunlylygyň simwoly

27-04-2024 / 17

Bu gün behişdi bedewlerimiziň at-owazasy has belende göterilip, jümle-jahana dolýar. Milli Liderimiziň bu babatda başyny başlan beýik işlerini hormatly Prezidentimiz mynasyp dowam etdirip, uly üstünliklere besleýär. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň mysallarynyň biridir.

Geçen ýyl hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi harby gullukçylaryň behişdi bedewlerimize söýgüsini, olary ösdürip ýetişdirmäge, idetmäge yhlasyny has artdyrdy. Umumy meýdany 40 gektara barabar bolan bu toplumyň çäklerinde birnäçe desga, şol sanda edara we VIP binalary, açyk manež, höwür we çapuw atlaryna, taýlara ideg etmäge niýetlenen 500 at üçin athanalar, tehniki desgalar, çapuw ýodasy, 100 orunlyk tomaşaçylar münberi, awtoduralga we beýlekiler bar. Bedewleriň saglyk ýagdaýyna gözegçilik edilýän weterinar bejeriş binasynda, karantin binasynda, atlary suwa düşürmek üçin howuzda, bedewleri çapyşyklara, konkur we beýleki sport ýaryşlaryna taýýarlamak, taýlara tälim bermek, ata erk etmek tälimlerini kämilleşdirmek üçin niýetlenen ýörite türgenleşik meýdançalarynda ähli mümkinçilikler bar. Bu ýerde ýaş taýlar üçin hem amatly şertler, olaryň her biri üçin aýratyn atýatak göz öňünde tutulandyr. Iým ammarlary bolsa toplumda ideg edilýän bedewleri bökdençsiz iýmitlendirmek üçin niýetlenendir.

Gahryman Arkadagymyz: «Biz sähelçe salym hem özümiziň bedewlerimize berýän ünsümizi gowşatmaýarys, sebäbi olar biziň guwanjymyz we şöhratymyzdyr, biziň ruhy galkynyşymyzyň çeşmesidir. Türkmen topragynda doglan ahalteke bedewi tebigatyň we adamyň ösen zähmetiniň we akyl-paýhasynyň peşgeş beren ajaýyp sazlaşygynyň, owadanlygynyň, gözelligiň we gaýtalanmajak okgunlylygyň simwoly bolup durýar» diýip belleýär. Hakykatdan-da, türkmen halkynyň geçmişdäki şöhratly, gahrymançylykly ýoly ganatly bedewi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmen ýigidiniň gaýraty, batyrlygy, duýgurlygy, wepalylygy behişdi bedewlerimize-de mahsusdyr.

Ata-babalarymyzyň yhlasly zähmeti hem ýiti zehini bilen kemala gelen atçylyk sungatyna türkmen halkynyň kämil dünýägaraýşy, çuň pelsepesi siňendir. Owadanlykda, ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleri hemişe türkmen halkynyň buýsanjy, şöhraty bolupdyr. Ol häzirki ajaýyp döwrümizde hem şeýle. Ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek, türkmen bedewlerini halkara ýaryşlara taýýarlamagyň ylmy taýdan esaslandyrylan öňdebaryjy usullaryny giňden ornaşdyrmak babatda durmuşa geçirilýän işler bimöçberdir.

Agamerdan ORAZDURDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu